Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri gurluşyklary alyp barmak işine türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda daşary ýurt kompaniýalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Türkiýäniň «NATA» kompaniýasy paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda döwrebap ýollaryň gurluşygyny alyp baryp, iki halkyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha berkeýän dostlugynyň güwäsine öwrülýär. Kompaniýa ýakynda paýtagtymyzyň Andalyp köçesiniň durkuny täzelemek işlerini alyp bardy. Köçäniň çatryklarynda gurlan döwrebap binalar bolsa kompaniýanyň merjen paýtagtymyza sowgadydyr. Bu binalary kompaniýa öz serişdeleriniň hasabyna gurdy. Andalyp köçesiniň täzelenen durky dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, çatryklardaky ýolyşyklar aýlawlardyr köprüler bilen çalşyryldy. Bu bolsa sürüjileriň köçäniň ugry bilen bökdençsiz hereketi amala aşyrmagyna, şeýlelikde köçäni dolulygyna geçmek üçin has az wagtyň sarp edilmegine ýol açdy. Ýakynda kompaniýa Andalyp hem-de «10 ýyl abadançylyk» köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän aýlawyň hem-de «Zemin» binasynyň ornuna täze köpriniň gurluşygyna girişdi. Bu gurluşyk hem kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Aşgabadyň şu ýylyň güýzünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjekdigini, Oýunlaryň geçirilýän günlerinde paýtagtymyza dünýä ýurtlaryndan müňlerçe myhmanyň gelmegine garaşylýandygyny, Andalyp köçesiniň bolsa paýtagtyň iň kän gatnawly köçeleriniň biridigini nazarda tutup, täze köpriniň uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtamak isleýäris. Köpri kompaniýanyň gurluşykçylarynyň zähmeti bilen 2 aýyň dowamynda taýýar edilip, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň ygtyýaryna berler. Täze köpriniň türkmen-türk dostlugynyň miweleriniň ýene-de birine öwrüljekdigine berk ynam bildirýäris.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir