Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda- ykdysadyýetde, medeniýetde, saglygy goraýyş ulgamynda, sportda, ylym-bilim, şol sanda iň wajyp pudaklaryň biri bolan ulag we aragatnaşyk ulgamynda beýik özgertmeler iş ýüzüne geçirilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Şu ýylyň şeýle atlandyrylmagy paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, sagdynlygy, ruhubelentligi, sagdyn jemgyýeti, sagdyn geljegimizi, halkara derejesindäki sport abraýyny alamatlandyrýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlarynyň, desgalarynyň, stadionlaryň, saglygy goraýyş merkezleriniň, garaz, halk bähbitli gurulýan ymaratlar merjen şäherimiziň görküne görk goşýar. Ine, şular ýaly ajaýyp desgalaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän 30-njy kiçi etrapçasynda açylýan ýokary derejeli amatlyklary bolan 100 orunlyk açyk görnüşli awto- duralgadyr. Bu awtoduralgada 4 sany awtoşaýlar dükany, 3 sany ulag bejerilýän, tekerler çalşylýan ussahana halkymyza hyzmat eder. Şonuň ýaly-da ulaglary ýokary hilli arassalaýan 3 sany ýuwalga sürüjilere hyzmat eder. Özüniň ata Watanynyň berkararlygy, halkynyň bagtyýarlygy baradaky aladany mukaddes hasap edýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan güneşli ýurdumyzdaky akylyňy haýran edýän üstünlikleri barha belent sepgitleri nazarlaýar. Elbetde, gazanylýan ösüşler, özgerişler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyndan gözbaş alýar.