Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, аk mermerе bеslеnеn şäherimiz Aşgabat barha gözelleşýär. Aýna ýaly tekiz köçelerdir şaýollar paýtagtda ulaglaryň we pyýadalaryň bökdençsiz hereketini üpjün edýär. Döwrebap ýollary gurmakda türkmen gurluşykçylary bilen bir hatarda Türkiýäniň «NATA» kompaniýasynyň hünärmenleri hem uly işleri alyp barýarlar. Paýtagtymyzyň durky täzelenen Andalyp köçesiniň gurluşygyny hem hut şu kompaniýanyň gurluşykçylary amala aşyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu köçäniň ugrunda ulaglaryň bökdençsiz hereketi üçin çatryklarda ozal bar bolan ýol yşyklar aýrylyp, hereket köprülerdir aýlawlar arkaly ýola goýuldy. Bu bolsa şäheriň merkezinden geçýän köçäniň ugry bilen edilýän hereketiň öňküsine görä has az wagt almagyna getirýär. Köçäniň ugrundaky binalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüşini beýan etmek bilen, şäheriň binagärlik keşbine goşant goşýar. Ýaňy-ýakynda, «NATA» kompaniýasy Andalyp hem-de «10 ýyl abadançylyk» köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän aýlawyň hem-de bu ýerdäki «Zemin» binasynyň ornuna täze köpriniň gurluşygyna badalga berdi. Kompaniýa bu gurluşygy öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar. Şäheriň bu böleginde az wagtdan köpri arkaly gatnaw emele geler. Bu bolsa ulag dyknyşyklarynyň emele gelmeginiň öňüni alar. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabady has döwrebap, has gözellеşdirip gurmak baradaky başlangyçlaryna jogap edip, guruljak täze köpri paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň özboluşly bezegine öwrüler.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir