Käbir internet saẏtlarynda ẏurdumyzda haram ölen mallaryň etleriniň ẏarty bahasyna satylẏandygy barada ẏalan gep-gürrüňler ҫykarylẏar. Hemmelere mälim bolşy ýaly, ýurdumyzdaky bazarlarda iri we ownuk şahly mallaryň etiniň 1 kilogramynyň bahasy döwlet tarapyndan bellenilen baha bolan 17,80 manatdan satylẏar. Ṣol satylẏan mallar gündelik täze soẏulẏar. Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ẏerleşẏän «Altyn Asyr» gündogar bazarynda mallar diri görnüşinde hem raẏatlara elẏeter bahalardan satylẏar. Bazarlary we dükanlary elin et bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Söwda we Daşary Ykdysady Aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Ahal welaẏatynyň Ak bugdaẏ etrabynyň Gämi obasynyň ҫäginde ỳörite mal saklamak üҫin ṣertler döredilip, olara ỳokumly iỳmitler bilen ideg edilỳär. Halkyň hal-ỳagdaỳyny gowulandyrmak boỳunҫa ỳurt baṣtutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň baṣtutanlygynda yzygiderli aladalar edilỳär. Ṣonuň esasynda hem, ỳurdumyz uly ösüṣlere we özgeriṣlere eỳe boldy. Emma eliň bäş barmagynyň deň bolmaẏşy ẏaly, käbir adamlar ẏurdumyzyň ösmegine goltgy bermäniň deregine, badak atmaga ҫalyşẏarlar. Ỷalan gybatlary internet sahypalaryna ỳerleṣdirip, halkyň arasynda ters pikirleri döretmäge synanyşýarlar. Beýle hereketleri näme niýet bilen edýän hem bolsalar, bet pygylly şahslar öz garaşýan netijelerine hiç haçan ýetmezler, sebäbi ýalan bilen ýol alyp bolmaýar. Türkmen halky häzirki bol-elin durmuşynyň gadryny oňat bilýär we ýalan bilen çynyň arasyny açmagy gowy başarýandyr.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir