Häzirki wagtda bagtyýar raýatlarymyzyň Aşgabat şäherinde welaýat merkezlerinde we etraplarda gurlan, iň täze, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezlerinde keselleri anyklamak we bejermek boýunça ýokary hilli medisina hyzmatlarynyň köpdürli görnüşlerinden elýeterli we arzan bahadan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde welaýat merkezlerinde we etraplarda gurlan saglyk öýleriniň dünýäniň ösen ýurtlarynyň gymmat bahaly, iň täze we döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, dürli keselleriň gysga wagtda örän anyk we takyk kesgitlenilmegine hem-de ýokary hilli kesel bejerişiň amala aşyrylmagyna giň ýol açdy. «Ene sagdyn bolsa, çaga hem sagdyn bolar» diýip belleýän Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň bejeriş-anyklaýyş çäreleri tölegsiz, ýeňillikleriň berilmegi esasynda geçirilýär. Döwletimiz tarapyndan çagalara doglan wagtyndan tä üç ýaşy dolýança seretmeklik üçin her aýda 157,30 manat möçberinde, şeýle hem birinji we ikinji çaga doglanda 314,60 manat, üçinji çaga doglanda 605 manat we dördünji we ondan köp çaga doglanda 1210 manat möçberinde döwlet tarapyndan birwagtlaýyn pul kömegi berilýär we geçirilýän bu ynsanperwer çäreleriň netijesinde ýurdumyzda her ýyl çaganyň dogluş sanynyň 5000-5500-e çenli artmagy guwandyryjy görkezijidir. Häzirki wagtda Berkarar Döwletimiziň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin zerur şertler döredilýär we ilatymyzyň ýaşaýyş şertleri barha gowulanýar hem-de ýurdumyzda ynsan ömrüniň ortaça dowamlylygy gitdigiçe artýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde ilatymyzyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy we Türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 72 ýaşdan geçdi.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir