2017-nji ýyl uly taryhy wakalara beslener. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan Watanymyzda saýlaw ulgamy ýyl-ýyldan kämilleşýär. Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda: “Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyrylyşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar” diýlip bellenilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurduň durmuşynda iň bir möhüm waka, ykbal kesgitleýji pursat bolup, her bir raýatyň özüniň Esasy Kanunynda berkidilen saýlamak we saýlanmak hukugyna esaslanyp, bu saýlawlarda dalaşgärlige hödürlenenleriň arasynda iň mynasybyna öz sesiňi bermegine mümkinçilik döredilýär. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Şu günler hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler halkymyz bilen dürli duşuşyklar geçirip, öz maksatnamasyny wagyz edýärler. Şeýle duşuşyklaryň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler - Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jemilow, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Durdyýew, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdirýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Ataýew dagylar dürli welaýatlara baryp, saýlawçylar bilen duşuşyp, öz maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar we saýlawçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maksatnamasyny halk arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etmek, saýlawçylary öňümizdäki saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrmak esasy işleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň batyrgaý, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň ösüşinde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine köp derejede ýardam etdi. Onuň netijesinde ylym-bilim, ykdysadyýet, oba hojalygy, sport, medeniýet ýaly ähli ulgamlarda göz öňümize getirip bolmajak beýik ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz köp ýyllar hatda ýüzýyllyklar gerek bolan ýoly gysga wagtda geçip, halkymyzyň ýüreginden turjak birnäçe kararlary, kanunлary çykaryp, ýokary derejeli çylşyrymly wezipä ussatlyk bilen hötde geldi. Ylym-bilim ulgamynda gazanylan göz önüne getirip bolmajak uly üstünlikler, Halkara olimpiadalarynda zehinli ýaşlarymyzyň altyn, kümüş, bürünç medallary alyp, döwletimizi dünýä tanatmagy, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň açylmagy döwletimiziň ösmegine, dünýä derejesinde abraýymyzyň galmagyna uly itergi berer. Ýurdumyzda sanardan gaty köp zawod-fabrikleri, dürli kärhanalarynyň açylmagy, halkymyz üçin iş ýerleriň döredilmegi, gözüňi gamaşdyryjy owadan binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, köprüleriň ýollaryň gurulmagy döwletimiziň uly üstünlikleriniň biridir. Türkmen sportuny dünýä ýaýmak, sportuň dürli ugurlary boýunça Halkara ýaryşlara türkmen sporтsmenlerini ugradyp şolaryň baýrakly orunlary eýeläp, döwletimiziň tanalmagyna uly itergi berdi. Ýurt Baştutanymyz welaýatlarda iş saparynda bolanynda durmuş, önümçilik maksatly taslamalaryň barşy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem şol ýerde zähmet çekýän adamlar bilen duşuşyp, olaryň hal ýagdaýlary, oý-pikirleri, isleg-arzuwlary we teklipleri, olaryň durmuşy bilen gyzyklanyp, halk bilen bir jan, bir ten bolýar. Halky has-da begendiren habar maýyp, eklenji ýok adamlara howandar gözi bilen seredilip, olara gol uzatmagy, olary ýörite ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hakdaky aýdan sözi halkyň şatlygyny has-da artdyrdy. Halkymyzyň göwnünden turýan halk bilen bir jan, bir ten bolup, “Döwlet adam üçin” diýen ýörelgäni türkmen durmuşynyň baş şygaryna öwüren Arkadagymyza bir adam ýaly bolup ses bereris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň türkmen halkynyň bagtly geljegi ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir