Sagdynlyk bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanýar. Saglygyňy saklamak, goramak we ol hakynda alada etmek her adama zeruryýet. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasynda, biziň ýurdmyzda-da adamlaryň saglygyny saklamak, keselleri anyklamak, öňüni almak, şeýle-de olary bejermek işleri boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Muňuň üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki saglyk ulgamyna degişli mysallara ýüzlenmek hem ýeterlikdir. Soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda saglyk ulgamy bilen baglanyşykly birnäçe binalar gurlup ulanylmaga berildi. Oňa Halkara kordiologiýa merkezini, Tiz kömek merkezini, iç keselleri merkezini, täze saglyk öýlerini / 10, 11-nji Saglyk öýleri) mysal getirse bolar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde saglyk ulgamy boýunça ýörite halkara ylmy-okuw merkezi işleýär. Bu ýerde her aýda ýüzlerçe lukmanlar, şepagat uýalary, şepgat doganlary bilim derejelerini ýokarlandyrýarlar. Özlerine degişli bolan maglmtlary alýarlar. Gerek bolsa daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar. Saglyk ulgamyndaky merkezler, salyk öýleri dünýäniň ösen tehniki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Olarda “Siemens”, “Artiszee”, “Artisa” ýaly nemes kompaniýalarynyň ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge ukyply tehniki enjamlary oturdylan. Netijede, keseli anyklamaga, öňüni almaga, galyberse, bejermäge uly şertler döreýär. Şeýle şertler netijesinde ýürek-damar keselleriniň tyg degirmesiz opersiýlarynyň geçirilişi, MRT barlaglarynyň ýola goýulmagy, böwrekde, öt haltasynda emele gelen daşlaryň eredilip aýrylyşy, ultra ses arkaly operesiýa edilişi, göz kesellerinde hem şeýle operasiýalaryň amala aşyrylmagy saglyk ulgamyndaky öňegidişlikleri görkezýär. Böwrek kistasynda anyklanyş – bejeriş işi urolog lukman tarpyndan amala aşyrylýar. Böwrekleriň ultrases barlagy /USB/ kistalaryň sanyny, ölçegini, beýleki agzalara täsirini takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Ekskretor urografiýa barlagy geçirilip, böwrekleriň işi barlanylýar. Zerur bolan howply täze döremeleri anyklamak üçin böwrekleriň kompýuterli tomogrfiýa /KT/ barlagy bellenilýär. Bu barlagdan başga sowuklama hadysalaryny ýüze çykarmak üçin ganyň we peşewiň umumy barlagyny geçirmek hökamany hasaplanýar. Kistanyň bejergisi onuň görnüşine, ölçegine, ganaýlanyşyna we peşewiň daşary çykyşynyň bozulyp – bozulmandygyna baglylykda /konserwatiw ýa – da operatiw/ geçirilýär. Eger kista has ulalyp , ýanaşyk ýerleşen agzalary gysýan bolsa, agyry ýüze çykan bolsa, kistanyň ýaýrandygy guman edilýän bolsa, onda hökman operasiýa edilýär. Tiz kömek merkeziniň işleiniň ýokary bolmagy üçin hem ähli şertler bar. Näsagy zerurlyk çyksa, hassahana gelýänçä, entek tiz kömek maşynyndaka- ýoldaka, gysga-kiçi operasiýalary amala aşyrmaga mümkinçilikler bar. Tiz kömek merkezi dikuçarlaryň hyzmtyndan hem peýdalanyp bilýär. Şeýle şertlerimiziň bolmagy ýurdumyzda saglyk ulgamynyň derejesini kesgitleýär. Ýurdumyzyň çägine AIW/AIDS ýaýran daşary ýurtlardan AIW ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýrmagynyň öňüni almak hem-de AIW ýokanjy boýunça “adamyň immunýetmezlik wirusy sebäpli döreýän keseliň /AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanuny tassyklandy. Bu milli maksatnamada milli aýratynlyklarymyz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz, milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler, halkara tejribe göz öňünde tutulandyr. Halkara hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň lukmanlarynyň arasynda maslahatlar yzygider geçirilýär. Golaýda saglygy goraaýyş boýunça VI Türkmen -German Forumy geçdi. Onda türkmen – german lukmanlary diabet barada, diabetiň bejerilişi, I tipli, II tipli süjüli dibetiň bejerilişine täze çemeleşmeler /täze derman serişdeleri, barlaglary/ hakynda gürrüň edildi we hassahanalardaky häzirki zaman tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi işleriň netijeli alnyp barylmagyna ýardam edýändigi bellenildi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň merkezi edaralarynyň biri – de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezidir. Merkez birnäçe bölümden durýar. Merkezde iýmit önümleriniň gural – usullry arkaly barlaghana bölümi, toksikologiýa barlaghana bölümi, wirusologiýa bölümi hyzmat edýär. Olardan daşry temmäki önümleriniň – de düzümi barlanýar. Tölegli esasda sanjym otagy bolup, onda gepatitiň “A”, “B” görnüşlerine garşy, möwsümleýin sanjym geçirilýär. Bu bolsa ilat arasynda wirusly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir