Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly, eýýäm, ilkinji günlerinden hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen belent ýörelgesiniň hakykat ýüzünde durmuşa geçýändiginiň nobatdaky subudyna öwrüldi. Her ýylyň ilkinji aýyndan ýurdumyzda zähmet we talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim köpelmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halkymyza bagyşlan eşretleriniň biridir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerinde raýatlarymyz artdyrylan pensiýalary, kömek pullaryny aldylar. Umuman, ýurdumyzda halkyň maliýe ýagdaýynyň durnukly ösýändigini nygtamak gerek. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2016-njy ýylyň jemlerine, 2017-nji ýylda edilmeli işlere bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde nygtalyşy ýaly, geçen ýyl döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça aýlyk zähmet haklary, şeýle hem pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi. Munuň üstümizdäki ýylda-da şeýle boljakdygy aýan-aýdyň hakykatdyr. Ýokarda agzalan mejlisde berlen hasabatdan hem görnüşi ýaly, 2016-njy ýylda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan işler üstünlikli amala aşyryldy. Halkara newrologiýa merkeziniň, Jemgiýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň binalary, 12 gatly 44 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana gyzamyk we gyzylja ýokanç keselleriň ýok edilendigi barada halkara güwänamasy gowşuryldy. Ýurdumuzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 105 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelen girdejiler 112 göterim, derman önümçiligi 105 göterim artdy. Arkadag Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, 2017-nji hem ýurdumuzyň durmuş syýasaty ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamyna degişli beýleki işleriň netijeliligi artdyrylar. Gün-güzeran gowy bolsa, jan saglygy bolsa ýurduň raýatlary üçin şundan uly bagt barmy?!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir