Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdymyzda uly ösüşler we özgerişler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurt baştutanlygyna geçeninde ''Meniň ilkinji aladam halkym bolar'' diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda birnäçe hassahanalar, saglyk dikeldiş öýleri açylyp ulanmaga berildi. ýurdymyzda ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek, olary beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil edip ýetişdirmek üçin sagdyn durmuş ýörelgesi ýola goýuldy. Ýurdymyzyň hemme welaýatdyr etraplarynda döwrebap çagalar bagy, orta mekdepler we sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlar üçin sport zallary we meýdançalary gurlup ulanmaga berildi. Ýaş nesili ýaramaz endiklerden saklamakda sportyň orny öran uludyr. Halkyň saglygy hem ruhubelentligi üçin köp tagallalary edýän Mähriban Arkadagymyzyň 2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etmegi hem bu ugurda ýurt möçberinde alnyp barylýan saldamly işleriň subutnamasydyr. Raýatlarymyzy neşekeşlik, arakhorlyk, çilimkeşlik ýaly zyýanly endikilerden uzaklaşdyrmak üçin bu ýaramaz endikleriň adama we jemgyýete ýetirýän maddy we ruhy zyýanlarynyň örän uludygyny kesgitli mysallaryň kömegi bilen düşündirmelidiris. Adamlar çilim çekmekligi, köplenç, ýaşlykda öwrenýärler. Munuň sebäpleri: 1. Ýaşlar çilim çekýän ululara öýkenjek bolýarlar. 2. Ýaşlar çilim çekmekligi erkekler üçin zyýansyz güýmenjedir öýdýärler. 3. Çilim çekmekligiň köp taraplaýyn örän zyýanlydygyny doly bilmeýärler. 4. Oglanlar gyzlaryň öňünde gomparmak isleýärler. 5. Olar zyýanly endiklere baş goşan adamlaryň täsirine düşýärler. 6. Ölemen çilimkeşleriň çilim çekmekligi taşlap bilýäni iki-ýekedir. 7. Çilim tüssesinde nikotin we ýene birnäçe zäherleýiji maddalar bar. Çilimiň adama edýän zyýanlaryny sanap geçeliň: 1. Çilimiň zäherli tüssesi adamyň dem alyş ýollaryny, öýkenini zäherleýär. 2. Çilim adamyň hemme içki organlaryna, dişlerine uly zyýan ýetirýär. 3. Ol adama uly maddy zyýan ýetirýär (hasaplamalaryň netijesine seret). 4. Çilimkeş köp mukdardaky gymmatly wagtyny-ömrüniň bir bölegini, diňe çilim çekmäge sarp etmäge mejbur bolýar. 5. Ol çiliminiň zäherli tüssesi bilen ýanyndakylaryň saglygyna zyýan ýetirýär. 6. Onuň derisiniň reňki solýar, sesi bozulýar, agzyndan hemişe ýakymsyz ys gelýär. 7. Ol ýaşlaryň arasynda zyýanly görelde görkezýär. 8. Çeken çilimleriniň galyndylaryny çem gelen ýere zyňyp hapa döredýär. 9. Çilim tüssesi adamyň geljekki nesliniň saglygyna uly zyýan ýetirýär. 10. Çilimkeş, başgalara garanyňda, öýkeniň rak keseli bilen 15 esse, ýürek keselleri bilen 12 esse, aşgazanyň ýarasy bilen 10 esse köp keselleýär. 11. Neşekeş we arakhor adamlaryň köpüsi ozalky çilimkeşlerdir. 13. Jemläp aýtsak, çilimkeşlik adamyň ömrüni 10-15 ýyl gysgaldýar. Çilimiň zäherli tüssesi adam organizmini büs-bütin eýeleýär, özüne tabyn edýär, çekilýän çilimiň köpeldilmegini berk talap edýär. Şeýlelik bilen, ölemen çilimkeşleriň sany köpelýär. Mysal. Goý, bir adam 50 ýylyň dowamynda her günde diňe bir gap iň arzan çilim çekipdir (bahasy 10 man.) diýeliň. Goý, 1 kg. ýokary hilli unuň bahasy 1 man., 1 kg. şekeriň bahasy 3 man. bolsun. Goý, çilimkeş her çilimi çekmek üçin ortaça 4 minut wagt sarp edýän bolsun. Şeýle ýagdaýda ol çilimkeşiň 1 ýylda we 50 ýylda näçe gap çilim we otluçöp aljakdygyny, çilim çekmäge näçe wagt sarp etjekdigini, çilim we otluçöp almaga näçe pul tölejekdigini hem-de şol pullara häzirki nyrhly çöp almaga näçe pul tölejekdigini we şol pullara häzirki nyrhlarda (2017ý.) käbir harytlaryň näçesini alyp boljakdygyny hasaplap göreliň, takmyn hasaplamalary geçireliň. Ol çilimkeş: 1 günde 1 gap (20 sany) çilim çekmek üçin 80-min. wagtyny. 1 aýda 30 gap (600 sany) çilimi çekmek üçin 2400 min.=40-sagat wagtyny. 1 ýylda 365 gap (7300 sany) çilim çekmek üçin 29 200 min.=487-sagat wagtyny, ýa-da 20 gije-gündizini sarp eder. 50 ýylda 18 250 gap, ýagny 365 000 sany çilim çekmek üçin 1 440 000 min.=24 333 sagat wagtyny, ýagny 1014 gije-gündizini, ýagny 2 ýyl 9 aý 14 gije-gündizini sarp eder. Diýmek, çilimkeş, ömrüniň 2 ýyl 9 aý 14 gününiň dowamynda iýmän, içmän, uklaman, dynç alman, diňe yzly-yzlyna çilim çekip, jemi 365 000 sany çilimiň zäherli tüssesini öýkeninden geçirjek ekeni. Günde bahasy 10 manat bolan çilimi çekýän adam bir aýda otuz 30 gap çeker bunyň bahasy bolsa =300 manat bolar bir ýylda =3,600 mant bolar, 50 ýyllap çilim çeken adamyň çilim üçin eden harajady 180,000 manat ýa-da 48.648dollar bolýar. Diýmek çilim maddy taýdan disýeň zyýanly endikdir. Şular ýaly ýaramaz endigi ata babalarymyz hem ýigrenç göz bilen garap, adamyň akylyna we organizimine zyýan berýän ähli ýaramaz endikleri günä iş diýip hasaplapdyrlar. Bu ýaramaz endik barada türkmenleriň arasynda şular ýaly jümleler bar: “Çilim çekýäniň hem içi ýanar, hem daşy”, “Neşedir ýowuz bela, boluň öňünde gala”, “Çilimkeş öz saglygynyň duşmanydyr”, “Saglygyn gadryny bilgin, hassa bolmazdan burun (Magtymguly)”, “Çilim ölüm howpludyr”. Ýurdymyzy ykdysady taýdan ösen, syýasy taýdan kuwwatly ýaş nesilleriň ylym bilim bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerini nazara alyp, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýtýarys. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag başy dik il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir