Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçiş döwründe döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy üpjün etmek bolup durýar. Türkmenistanyň “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” kanunyna laýyklykda Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslaryň, şeýle hem olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen, ätiýaçlandyryş ykdysadyýetiň täsiriniň ýokarlandyrylmagyna we ösdürilmegine, döwletiň ykdysady we durmuş taýdan meseleleriniň çözülmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryşyň has kämil, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ätiýaçlandyryş kadalaryň görnüşlerini işläp taýýarlady. Töwekgelçiligiň islendik bir görnüşini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmegi, ätiýaçlandyryşyň nyrhlarynyň elýeter bolmagy ätiýaçlandyryş işiniň hiliniň ýokarydygynyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak we Ätiýaçlandyrýanlara ygtybarly we bähbitli şertnama baglaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy halkyň ynamyna giren, tölege ukyply, töwekgelçiligiň islendik görnüşinden goramagy başarýan gurama hökmünde ygtybarly goragyny üpjün edýär.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir