Men şu söhbetdeşligi taýýarlamak üçin TÜRKMEN OWAZY teleýaýlymyna tarap ýola düşdim. Telewideniýäniň girelgesinde garşylan Gülälek Hezretgulyýewa bilen biziň aramyzdaky bolan gysgaça hal-ahwal soralşygyndan soñra biz esasy doredijilik sohbedimize geçdik. MEN: - GÜLÄLEK DOGAN, SUNGAT ÝOLUNA GELŞIÑIZ DOGRUSUNDA AÝDYP BERSEÑIZ... GÜLÄLEK: - Men 1985-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Aşgabat şaherinde eneden doguldum. Başlangyç bilimi şäherimizdaki 33-nji mekdepde aldym. Okuwçy döwürlerim kinofilmlere gepleşiklere uly höwes bilen serederdim. Orta mekdebiñ soñky ýylynda okap ýörkäm "Altyn asyr" teleýaýlymynda ilkinji gezek 8-nji mart baýramçylygynda gepleşik alyp barypdym. Şol gepleşik hem meni telewideniýä örkledi. Orta mekdebi tamamlanymdan soñra 2 ýyl "Altyn asyr" teleýaýlymynda "Säher Salamy", "Günorta Çagy", "Döredijilik Söhbeti" gepleşiklerini alyp bardym. 2003-nji ýylda Türkmen Döwlet Medeniýet inistitutyna okuwa girdim. Ýokary okuw mekdebini 2007-nji ýylda tamamlap zähmet yoluma telewideniýede başladym. MEN: - Gülälek Dogan, halkymyz Sizi has-da telefilmleri surata düşüriji režissior hökmünde tanaýarlar. GÜLÄLEK: - Dogry aydyañyz. Köpçülikde, köçede, bazardyr, söwda merkezlerinde halk köpçüligine gabat gelenimde köplenç "Indi haçan nähili filmleri surata düşürýäňiz" diyip soraýarlar. Talyplygyñ soñky ýylynda halypa aýdymçymyz Kerim Gurbanalyýewiñ "Sumbaryñ nary" aýdymyny şekilli görnüşe geçirdim. Garry Nohur obasynda düşürilen şol şekilli aýdymyndan soñ režissýor Şadurdy Alowowyñ goldawy hem ynamy bilen ilkinji gezek "Türkmen Owazy" teleýaýlymynda "Tikgi we Başgalar" telefilimini režissýor hökmünde düşurmeklige girişdim. 2007-nji ýylyñ 31-nji dekabrynda ýaýlyma berlen bu telefilm halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Arkadagymyzyñ medeniýet işgärlerine berýän uly ünsüniň netijesinde ondan soñ hem: 2."Çepbäniň toýy" 31.12.2009-njy ýyl. 3."Bagta barýan ýollarda" 31.12.2011-nji ýyl. 4."Ýuregim sende" 31.12.2012-nji ýyl. 5."Bagtly biz" 08.03. 2014-nji ýyl. 6."Umyt we Arzuw" 31.12.2015-nji ýyl. 7."Bagt eken bagtyña garaşmaklygam" 08.03.2016-nji ýyl. 8.Arkadagymyzyñ doglan gününe sowgat edip "Ýürekdeş" telefilimini 29.06.2016-njy ýyl surata düşürip ýaylyma berdik. MEN: - Tüweleme. Sekiz filimiñ dowamynda düşüren aktýordyr aydymçylaryñyzdan işleşmäge iñ ýakymlylary haýsylar? GÜLÄLEK: - Türkmenistanyñ Gahrymany Maýa Kulyýewa kino düşürliş pursatlarynda gije wagtyñ bir çene baranlygyna garamazdan ýanymda goldawlaryny gaýgyrmaýardy. Kerim Gurbanalyýew, Eneş Rejepowa, Parahat Amandurdyýew, Züleýha Kakaýewa dagy bilen hem işleşmek juda yakymly. Ýadyma düşýä "TIKGI WE BAŞGALAR" telefilimini düşürip ýorkäk Kerim Gurbanalyýew bize sürüji hökmünde hyzmat etdi. Ýadadymy, ardymy ýok. Parahat Amandurdyýew bolsa mydama-da doganlyk we dostluk goldawlary bilen maña ruhy güýç berdi. Eneş Rejepowa mähirli, Züleýha Kakaýewa juda zähmetsoýer. Onsañ şeýle adamlardan goldaw alamsoñ, elbetde ýüregimde täze eserleri döretmeklige höwes döreýär. MEN: - Maşgala agzalaryñyz dogrusynda hem aýdyp berseñiz. GÜLÄLEK: - Ýoldaşym Döwran Hezretgulyýew. Suratkeş, nakgaş. Üç oglum bar. Umyt, Yhlas, Kerem. Gaýynlarymam, enem-atamam ähli dogan garyndaşlarymyzam sungatyma sarpa goýýarlar we goldaýarlar. MEN: - Özüñizi iñ bagtly zenan hökmünde duýan duýan wagtyñyz boldumy?! GÜLÄLEK: - 2008-nji ýylda durmuşa çykdym. Talyp wagtymdan eýýam Anna Germanyñ "Nadežda" aýdymyny diñlemegi halap, oglum bolaýsa şonuň adyna hökman Umyt dakaryn diýip arzuw ederdim. Obada gaýnymlarda üýşmek boldy. Göwreli wagtymdy. Gaýynenem "Ogul agtygym bolaýsa Umyt dakjak, Umytjan diýip çagyrasym gelýär diydi. Ine, bagt. Öz arzuw edýan adymy gaýnymyñ hem höwesleýänini bildim. Ondan soñ ilkinji perzendemi elime alanymda we çaga bäbekhanada yatan wagtym. 2009-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda daşarda şeýle bir ýagyş ýagýar, şeyle bir sowuk howa. Agşamlyk naharymy getirip gidenligine garamazdan ýanýoldaşym Döwran gije 11-den soñ ýagşyñ aşagynda gelip bäbekhananyñ aýnasyny kakyp oguljugymyzy we meni goresiniñ gelip gidenligini aýdanynda juda bagtly bolupdum. Başga-da her gezek perzendiñi dunýä indermek ýaly bagta mynasyp bolanymda şatlgymy söz bilen aýdyp diýer ýaly bolmandy. MEN: - Gülälek dogan, daş töweregiňizdäki adamlara iñ uly eden sowgadyñyz näme?! GÜLÄLEK: - Men adamlary begendirmegi özüme bagt hasaplaýaryn. 2001-nji ýylda ejem bilen kakamy Haç parzyny ýerine ýetirmekleri ücin nobata goýupdym. 2015-nji ýylda nobaty ýetip kakamjan HAÇ PARZYNY berjaý edip geldi. Şonda kakamyñ begenjini söz bilen beýan edip bilemok. Ejemjanyñ nobaty hem 2017-nji ýylda ýetýär. Ikisiniñ hem maña aýdan alkyşlary meni juda begendirdi. MEN: - Gülälek dogan, sungat ýolunda halypalaryñyz dogrusunda aýdyp berseñiz. GÜLÄLEK: - Şadurdy Alowow, Myrat Orazow, Jeren Durdyýewa, Täçmämmet Mämmetweliýew. MEN: - Döredijilik saparlarynda bolan daşary döwletleriñiziñ içinde iñ halan yurduñyz haýsy? GÜLÄLEK: - 2008-nji ýylda mähriban Arkadagymyzyñ tagallasy bilen 21 günlik ABŞ gitdik. Golliwud-da bolduk. Şol ýurdy haladym. Ýone şu ýerde bir wakany ýatlasym gelýar. Los Anželis şäherinde wagtymyz Amerikaly dostlarymyza Türkmen palawuny bişirip bermekligi ýüregime düwdim. Söwda merkezlerine aýlanýan, käsir ýok. Bolanlary hem tagamsyz. Tüwi hem üýtgeşik. Ynansañyz şol gözlegleriñ dowamynda men şeylebir Ata Watanymyz Türkmenistany küýsedim. Ahyrynda hem bolşuna görä turkmen palawuny bişirip BEWERLI HILLIS seýilgähinde gazonuñ üstünde oturup meniñ bişiren palawum bilen Amerikalylary hezzetledim. Göwünlerine ýarady. MEN: - Turkmen hem daşary ýurt aydymçylaryndan haýsylary diñlemegi halaýarsyñyz?! GÜLÄLEK: - Halypamyz Atageldi Garýagdyýewiñ "Dostlaryma"aýdymyny uzakly gun diňlesemem ýadamok. Çunki bu aýdymda Nury Halmämmedowyñ , Gurbannazar Ezizowyñ, Atageldi Garyagdyýewiñ ýürekleri bar. Hajy Ýazmämmedowy, Pälwan Halmyradowy, Parahat Amandurdyýewi köp diňleýän. Daşary ýurt ussatlaryndan Grigori Leps, Filip Krikorow, Adel. Daşary ýurt režissýorlaryndan Jeýms Kemeronyñ ussatlagyna haýran galýan. "Titanik" kinofilimini halaýan. Meşhur aktýorlardan Sergeý Bezrukowy, Haberskini gowy goryan. MEN: - Iñ halaýan hasiyetleriñiz we halaýan nahardyr, gök önümleriñiz dogrusunda näme aýdarsyñyz!? GÜLÄLEK: - Sadalygy we zähmetsöýerligini söýýän. Mundan başga-da türkmen gelnine mahsus bolan häsiýetlerine sarpa goýýan. Efirde ýaşmaksyz keşplerde görünsemem durmuşda ýaşynmaklyk dessuryny juda halaýan. Uzyn köýnek - ýaşmakly gyñaç adalgasyna hormat goýýan. Gaýynenem gapymyzda ysmanak ýetişdirýär. Şol ysmanaklardan taýýarlanan ähli naharlary hem halaýan. Gök önümlerden hurmany gowy görýän. MEN: - Gülälek dogan! Bosagamyzda täze ýyl baýramy dur . Ilki bilen diredijiligiñizde taýýarlaýan baýramçylyk sowgadyñyz dogrusunda aýdyp berseñiz. Onsoňam gutlaglaryñyzy beýan etseñiz. GÜLÄLEK: - "Ynsany döretmeklik, doredijiligiñ çür başy!" diýilen sözler bar. Häzirki günde dördünji perzendime garaşýaryn. Nesip bolsa bu baýrama taýýarlap bilmesemem indiki baýramçylyklara gabatlap telefilmleri düşürmek maksadym bar. Hormatly Arkadygymyzy we türkmen halkymyzy täze ýyl baýramy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyñ jany sag, ömri uzak bolsun! Türkmen halkymyzyñ her ojaklarynda şatlyk we toý şowhununyñ sesleri yañ salsyn! Çeşme: ertir com Puh agza Alan çeşmämizdäki ýazgyny dolulygyna gözden geçirilip, harp ýalňyşlary we sözlemdäki galdyrylan sözleri düzedip bu ýerde paýlaşdyk.