Gruziýaly türgen Etibar Elçiýew öz bedeninde 50 sany demir çemçäni saklamagy başardy. Magnitli bedeni bolan 39 ýaşly türgen "Ginnesiň rekordlar" kitabyna girmek isleýär. Sportuň kik-boks görnüşi bilen meşgullaňýan Etibar "Gimiesiň rekordlar" kitabynyň halkara geňeşinin agzalarynyň öňünde boýnunda we döşünde jemi 50 sany çemçäni saklady. Etibar görkezen netijesinden hoşal bolandygyny, emma başga-da görkezmek isleýän çykyşlarynyň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol 27 sekuntlap döşündäki awtoulag kapotynda bir adamy göterdi. Gruziýaly wekiller alnan netijäni iki hepdäniň dowamynda Londpndaky "Ginnesiň rekordlar" geňeşine goýberjekdiklerini aýtdylar.