Germaniýaly Andreas Gurskiniň "Rhein II" atly fotosuraty 4,3 million dollara satyldy. "Rhein II" nemes suratçysy tarapyndan 1999-njy ýylda düşürilipdi. Gymmat bahaly zatlaryň söwdasy bilen meşgullanýan "Christie's" şereketiniň Nýu-Ýorkda geçiren auksionynda satylan "Rhein II"-iň häzirki wagta çenli satylan fotosuratlaryň iň gymmadydygy habar berildi. Sindi Şermeniň geçen maý aýynda satylan suraty üçin 3,8 million dollar tölenipdi. "Atsyz" atly bu surat häzirki wagta çenli iň gymmat bahaly surat bolmagynda galýardy. Ren derýasynyň panorama suratlaryndan emele gelýän seriýada jemi alty surat bar. Bu seriýanyň beýleki dördüsi meşhur muzeýlerde saklanylýar.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir