Alymlar ýeke-täk molekuladan emele gelen bir metrin milliarddan biri (1 nanometr) ululygynda awtoulag öndürdiler. Niderlandlaryň Groningen uniwersitetiniň hünärmenleri Ben Feringanyň ýolbaşçylygynda öndürilen elektrik energiýasy bilen hereket edýän nanoulagyň emeli ýagdaýda hereket edýän ilkinji molekula däldigi, emma özi belli bir ýoly geçip bilýän ilkinji molekuladygy mälim edildi. "Nature" žurnalynda çap edilen makalada aýdylyşyna görä dört tekerli ulagyň hemmesi hereket edýär. Ulagyň hereket etmegi üçin mikroskopyň kömegi bilen elektrik energiýasy berilýär.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir