Ýüreginde buýsanç, elinde—gazet, Şatlygyn buşlara göz aýlap herýan. Darajyk köçäniň gyrasyn syryp, Çepiksije oglan ylgaşlap barýar. Çap bolupdyr ilkinjije goşgusy, Bu ahwal oň üçin bir ömre deňdi. «A-how, çyn şahyr şu» diýenlerinde, Soňsuz şatlyk onuň kalbyna eňdi. Ah, şahyr däldi-le, onuň ýazany Çaga kalpdan çykan ýöntem goşgudy. Ýöne şol hoş sözler, şol göwünlikler, Barha-barha etdi ony goşguçy. Garaz, şol ajap gün, şol gazetli gün, Açdy onuň üçin täze bir dünýä. Şeýdip, şygra barýan ak ýola düşen Şol oglan MEN-DÄ!.. *** Meniň dünýäm gum-guklukdy, düňledi, Birden onda eşdildi bir şygyrdy. Ol şygyrdy bolsa gamym paýlaşyp, Şatlygyma şärik bolan ŞYGYRdy.