Ýurduň hökümdary günleň bir güni Öz halypasyndan soranmyş şuny: «Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda, Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda. Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa, Meniň üçin batma gaýgy-endişä, Iki sany gul bar meniň elimde, Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!» Şanyň ýüregine düşüpdir dowul: «Meň ykbalym çözýän o neneňsi gul?» Halypa patyşaň gözlerine bakan: «O gullaryň ady – isleg hem gahar. Şol ikisi meniň erkime tabyn, Mundan artyk düşündirip durmaýyn. Eger-de kim bolsa şolaryň guly, Günä gazanýandyr uludan-uly. Sen – şa, näme etseň, eliňde erkiň, Gowudyr öz çakyn tanasa her kim. Hemmäni deň çoýar asmanda güneş, Hergiz men-menlikden durawergin daş».

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir