Mary iliniň obalaryndan bolan Gurt Gara Watançylyk urşunyň ilki ýyllaryndaky yza çekilşige gabat söweş meýdanyna barýar. Komandirleri «Soldatlaryň ýazýan hatlaryndan bu ýeriniň ilaty ýagdaýmyzy bilmesin» diýip hemme iberilýän hatlary hökman barlamaly edýär. «Yza çekilýäs», «gaçýas» diýen ýaly ýazgylar ýazmazlyklary üçin edýän ekenler. Gara Gurt hatynda yza çekilýäris, gaçýarys diýmändir-de: “Şu gidişimiz ýaly gidip otursak, bizem basym öýde bolarys” diýip ýazypdyr. Komandirleri haty saklamandyr.