Bir alym köpçülikde çykyş etmek üçin uly zala gelýär. Emma öňki hatarda oturan ýeke bir atbakar diýäýmeseň, zalyň içi boşdy. "Ýeri, men çykyş etmelimi ýa-da ýok?" diýip, ýaňky alym pikir etdi we atbakardan sorap görmegi makul bildi. -Senden başga bu ýerde hiç kim ýok. Nähili pikir edýäň, men çykyş etmelimi? -Men bir ýönekeý adam. Bu zatlara men hiç düşünemok. Emma men atýataga gelenimde hemme atlar gidip, ýeke biri galan bolsa, men hökman ony iýmitlendirerin. Bu sözlerden ruhlanan alym çykyşyna başlaýar. Iki sagatdan hem köp wagtlap gürläp bolanyndan soň, öz ýanyndan hoşal bolup, kalbynda ýeňillik duýupdyr. Çykyşynyň diýseň täsirli bolandygynyň tassyklamasyny eşitmek isläp, ol atbakardan sorapdyr: -Saňa çykyşym ýaradymy? -Men size aýtdym ahyry, men bir ýönekeý adam, bu zatlara känbir düşünip baramok. Emma men atýataga gelenimde, hemme atlar gidip, diňe bir at galan bolsa, men ony hökman iýmitlendirerin. Ýöne men oňa hemme at üçin niýetlenen iými bermerin.