Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde Diňe öz-özümi diňläp oturdym. Kelle diýdi: — Kän zatlary gazandym, Ýürek diýdi: —Kän zatlary ýitirdim. Kellä kakdym: —Ýeri näme gazandyň? Kelle diýdi: —Dünýä akyl ýetirdim. Ýürek diýdi: —Ana, şonuň üçin-de, Aýdýaryn-a men köp zady ýitirdim. Kelle öňem hümläp duran halyna, Ýokuş görüp özgäň azar berýänin, Ýürege ýüzlendi: — Sen, goňşy, näme Ýitiren zadyňy menden görýärmiň? —Dagy näme? — diýip sojady ýürek — Elbetde, baryna sen bolduň sebäp. Men ýenjilýän bendä gol berjek bolsam, Sen diýdiň: —Köpeldi bipeýda sogap. Bir günem bir kişiň gaçyran pulum Eýesine berjek bolupdym men-ä, Senem berdirmediň bilimlisiräp, Diýdiň: Güýçden gaçdy, köneldi günä. Beýle gedem dälsiň ahyr birmahal, Bilýänsiň, jedelden-gaýrydan daşdyň. Men öňden ýörärdim, senem yzymdan, Nä ýüz bilen meniň öňüme düşdüň?! Kelle oýlanýardy, şonuň üçinem, Meger, ol birbada bermedi jogap, Soň diýdi: —Gör, men-ä harsurup ýörün, Onuňam bar işi günädir sogap. ...Men käte dikelip, käte ýaplanyp, Öz-özümi diňläp oturdym biraz. Ymyzganjak boldum, ýöne bolmady — Çep gursak sorkuldap berýärdi azar.