Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen 2016-njy “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bir hatarda Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döräp, neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly ýygyndysynda ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözleri jemlenip, ol biziň jemgyýetimiziň durmuşyna täze bir öwüşgin berdi. Bu ajaýyp kitabyň ilkinji sahypasynda Milli Liderimiz şeýle belleýär: “Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsanjy, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, XXI asyrda – türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi”. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz görlüp eşidilmedik ösüşlere eýe bolup, bütin dünýä abraýy artdy. Bu döwür biziň döwrümiz. Çünki, türkmeniň ata-babalarynyň arzuwlan döwri. Bagtyýarlyk döwri – hut asyrlar aşyp garaşylan arzyly döwürdir. Şonuň üçin hem biz, döredijilik intellegensiýanyň wekilleri, ajaýyp eýýamymyzyň her gününi özümiziň çeper eserlerimizde ýokary ruhubelentlik bilen beýan etmäge çalyşýarys. Ussatlyk derejämizi has-da kämilleşdirýäris. Ynha, şeýle döwrümiziň ösüşlerine güýçli itergi berýän Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary we zehinli talyplary döwrümizi wasp edýän ajaýyp çeper eserleri döredýärler. Mirasymyzyň sarpalanýan aýratyn öwüşgünli ýylynda ýokary okuw mekdebimiziň durmuşynda öň entäk görülmedik döredijilik maksatlar goýuldy. Ýagny, döredijilik ugurlarynyň ähli hünärlerinde okaýan zehinli talyplarymyzyň içinden uçursyz zehinlileri saýlanyp, olara belli bir temanyň üstünde ýylyň dowamynda okuw dersleri bilen utgaşdyryp işlemeklik tabşyryldy. Çünki, olaryň döretjek işleri birinjiden - özüniň döwrebaplygy, ikinjiden - göwrümleri boýunça ýyllyk we diplom işlerinden rüstem gelýän bolmagy, üçünjiden - ussatlyk derejesinde ýokary kämillik derejesini gazanmak ýaly meýiller göz öňünde tutuldy. Uçursyz zehinli talyplarymyzyň hataryna şu ýylyň sentýabr aýyndan okuwa başlan birinji ýyl talyplardan hem goşulanlary bar. Has tapawutly işleri görkezmäge meýilli 100-den gowrak talyplarymyzyň döredijilik işleriniň dabaraly sergisini döwletimiziň baky Bitaraplygynyň XXI ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halk köpçüligine hödürlenmegi uly mana eýedir. Sergide “Gujurly ýaşlarymyzyň” watançylyk, sport, gündeki durmuşy, häzirki döwrümiziň ösüşleri, taryhy, medeni-miras ýaly temalardaky eserler jemlenendir. Ýöne islendik sergide, konsertde, çeper okaýyşlarda bir ýa-da iki sany şahsyýetiň eseri, aýdymy-sazy, goşgusy has-da ýadyňda galyjy bolýar. Elbetde, şeýle ýagdaýlar adam psihologiýasyna mahsus. Göräýmäge ajaýyp ýazylan çeper eser! Biz oňa tomaşa edýäris, berekella aýdýarys! Ýöne, wagtyň geçmegi bilen ol eseri huşumyzdan çykarýarys. Diýmek, şeýle eserleri biz wagtlaýyn täsir galdyryjy eserler diýip aýdyp bilýäris. Ýöne, hiç ýadyňdan çykmajak eserler nähili bolmalyka!? Biz, dünýäniň şekillendiriş sungatynyň taryhynda Mikelandželo, Leonardo da Winçi, Rafael, Rembrant, Welaskes, Salwador Daly, Wan Gog we şuňa meňzeş ägirt uly şahsyýetler barada aýdylanda, olaryň eserleri, olaryň ýaşan döwri we ýurdy barada aňymyzda aýlanýar. Sebäbi, olar surat eseri döretmegiň täsin düzgünlerini ýokary ussatlyk bilen berjaý etmegi başardylar. Olar öz döwrüne, jemgyýetine gerek bolan ýokary ahlak terbiýäni, ruhy isleglerini joşgunlyk bilen şöhlelendirmegi başardylar. Öz gezeginde jemgyýet hem suratkeşleriň eserlerine düşünmäge, goldamaga we olaryň döredijiligini umumadamzat gymmatlyklaryna öwürmäge goldaw berdi. Ynha şeýdip köpsanly suratkeşler adamzadyň mirasynyň genji hazynasyna iň gymmatly sahypalar hökmünde girizildi. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Gahryman Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen “Görogly” eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir” diýip jaýdar belleýär. Dogrudan-da, Türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň ady adalatlylygyň, batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde asyrlardan aşyp, şu günlere gelip ýetdi. Bu ajaýyp epos biziň halkymyzyň döreden ajaýyp nusgawy eseri bolup, ol bagşy-sazandalaryň dilleriniň senasyna öwrüldi. Görogly begiň at-abraýy, şan-şöhraty biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem beýgeldi. Çünki, Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde “Görogly” dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň at-abraýynyň we medeniýetiniň ýokarlanmagyna itergi berdi. “2016-njy, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň parasatly karary bilen geçirilen “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara maslahatynyň beýanynda türkmen halkynyň çuňňur manyly eposynyň dünýä halklarynyň epik mirasyna eden täsirini aýdyň görmäge mümkinçilik boldy. Şonuň üçin hem, ýokary okuw mekdebimiziň “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Zakirjan Babaýewiň “Görogly” eposynyň “Kyrk müňler” atly şahasyna ýüzlenmegi-de ýöne ýerden däl. Onuň halypasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atageldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda döredilen äpet nakgaşlyk eserini “Gujurly ýaşlar” sergisiniň naýbaşysy hasaplamak ýerliklidir. Bu ajaýyp döredilen eseriň boýy - 3,35 metr, ini - 6,90 metrden ybarat bolup, ol kendiriň ýüzüne ýagly boýaglar bilen ýerine ýetirildi. Çünki, bu eser özüniň äpetligi, akademiki ýazuwy, many-mazmuny, çylşyrymly taslamanyň ussatlyk derejesinde amala aşyrylmagy, onuň ýewropanyň meşhur suratkeşleriniň köpsanlysynyň eserleri bilen bäsleşmäge deňeçer hasaplamak mümkin. Geliň, bu eseriň bir pursatlyk wakasynyň manysyna üns bereliň! “Görogly” şadessanynyň “Kyrk müňler” atly şahasy watançylyk temasyna ýugrulyp, baş gahrymanyň örän kyn pursatlardan baş alyp çykyşy, edermenligi barada gyzykly gürrüň berilýär. Suratkeşiň döreden nakgaşlyk eserinde “Görogly” eposynyň “Kyrk müňler” atly şahasynyň hut şu pursady şöhlelendirilýär: “...Sapa ogly Çakan, Teke begi Zaman öz atly ýygynlary bilen gelip, Göroglynyň töweregine jebisleşdiler. Ertesi bular hem agyr ýygyn bolup, uruş meýdanyna çykdylar. O ýandan Hüňkäriň ýygnam sap gurap dur, bu ýandan Göroglynyň ýygnam sap gurap dur...”. Dogrudan-da, eser edil janly ýaly, hakykata meňzedilip çeper suratlandyrylýar. Nusgawy äheňde döredilen “Kyrk müňler” atly eserde, biz türkmen halkynyň mukaddes Watan goragynda durmagynyň jebisligini, agzybirligini hem-de mertligini görmek bilen, neslimizde ata-babalarymyzyň merdana taryhyna bolan bimöçber sarpa oýarjakdygyna ynanýarys. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň agzybirligi, ýurdumyzyň parahatçylygy, dünýäniň asudalygy we hoşniýetli gatnaşyklary barada edýän aladalaryna jogap edip döredilen örän agramly çeperçilik ussatlygy ajaýyp jemlenen eseriň tomaşaçysynyň köp boljakdygyna buýsanýarys hem-de bu eseriň türkmen medeniýetiniň ösüşine täze goşant bolup girjekdigine şatlanýarys. N. Ýagşymyradow, Türkmenistanyň sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty

Köneler, nexttm tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir