Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan edildi. Şonuň üçin şu ýylyň dowamynda mirasymyzy öwrenmek, ony halk köpçüligine ýaýmak maksady bilen döwrebap çäreler yzygiderli geçirilip duruldy. Bu bolsa biziň ýaş nesillerimize milli mirasymyzy düýpli öwrenmäge, onuň gadyr-gymmatyna sarpa goýmaga mümkinçilik döretdi. Hormatly Prezidentimiziň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan eden günlerinden başlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem talyp ýaşlaryň arasynda “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Şonuň üçin ýylyň başyndan bäri biziň talyp ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň her bir çykyşlaryndan ugur alyp, milli mirasymyzy öwrenip, olary şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde şekillendirmäge girişdiler. Talyp ýaşlarymyz nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärçilik, amaly-haşam sungatynyň keramika, zergärçilik, halyçylyk görnüşlerinde ajaýyp eserler döredip, şol işlerini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisinde sergilediler. Bu sergä ata-babalarymyzyň zehini bilen döredilip, sünnälenip miras galdyran edebi mirasy bilen baglanşykly döredilen sungat eserleri hödürlenip, olaryň arasynda “Gorkut ata” we “Görogly” şadessany, “Şasenem-Garyp”, “Saýatly-Hemra” dessanlary esasynda, şeýle hem, nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri we döwrümiziň ösüşlerini beýan edýän taslama işleri bar. Görogly şadessanynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, şu ýyl “Görogly şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara maslahatyň geçirilmegi türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde hem döredijilik adamlarynyň ruhuny ýokary göterdi. Halk döredijiliginiň naýbaşy eserleriniň biri bolan “Görogly” şadessany şekillendiriş sungatynda hem öz beýanyny tapdy. Şol işleriň biri hem “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 4-ýyl talyby Kulyýew Myratmergeniň “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň öýlenişi” atly şahasyndan döreden nakgaş taslama işidir. Bu taslamada talyp “Göroglynyň öýlenişi” şahasyndan bir pursady şekillendiripdir. Awtor bu işde şadessanyň baş gahrymany Göroglynyň Jahan patyşanyň gyzy Agaýunusy düýşünde görüp, oňa aşyk bolup, Agaýunus perini almaga gelen pursadyny şekillendiripdir. Bu işde Görogly Agaýunusyň köşgüne gelip, gyratynyň üstünde oturyp, elindäki dutary bilen nama aýdyp, Agaýunus perä söýgüsini bildirýär. Awtor Göroglynyň keşbini daýanykly, ruhubelent, tutanýerli häsiýetde görkezipdir. Göroglyny gyratynyň üstünde şekillendirmek bilen awtor türkmen halkynyň durmuşynda bedewiň uly orun eýeländigini, şonuň bilen birlikde hem Göroglynyň durmuşynda onuň gyratynyň möhüm orny eýeländigini görkezipdir. Agaýunus periniň we onuň kenizleriniň keşbinde bolsa türkmen gyzlaryna mahsus bolan owadanlyk, näziklik, asyllylyk, agraslyk ýaly gözellikleriň jemlenendigini görmek bolýar. Taslamada awtor birnäçe gümmezli binalaryň şekillerini şekillendirip, olarda gündogar ýurtlarynyň binagärçilik sungatyna mahsus bolan nagyşlary ulanypdyr. Taslamadaky akja kepderileriň, keýikleriň we sülgün guşlarynyň keşpleri bolsa ýaşlaryň päk söýgüsini, ýurt abadançylygyny hem-de tebigatyň, janly-jandarlaryň we adamzadyň biri-birleri bilen arabaglanşygyny açyp görkezýär. Göroglynyň gapdalyndaky üsti boş at bolsa, Göroglynyň Agaýunus perini almaga gelendigini alamatlandyrýar. Taslamadaky asuda asmanyň, dury suwuň, gök öwsüp oturan owadan baglaryň şekilleri hem bu wakanyň asudalyk bilen bolup geçýändigini alamatlandyrýar. Umuman awtor öz döreden taslamasynda reňk sazlaşygynyň üsti bilen “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň öýlenişi” şahasynda beýan edilen sýužetindäki baş gahryman Göroglynyň durmuşyndan wajyp pursadyny açyp görkezipdir. Bu nakgaşçylyk taslamasy talyp ýaşlarymyzda watanysöýüjilik ruhuny döretmekde, mirasymyza söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr. O.Utamyşewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy

Köneler, nexttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir