Türkmençilikde däp bolup galan käbir edim-gylymlar bar. Şolaryň käbirleriniň aňyrsy hökman Pygamberimiziň s.a.w. hadysy ýa-da ulamalaň tabşyryp geçen, halanan, maslahat beren işleri bolup çykaýýar. Aýratyn türkmen halkymyzyň aňyna berk ornan ýagşy gylyklaň birem öwliýäň (gabrystanyň) ýanyndan geçeňde aýat okap, sogabyny ýatanlaň ruhuna bagyş etmek. Aňsat, özi türkmen bolanyň gabrystanyň gabadyndan geçende ulagda bolsun, awtobusda ýa-da pyýada barýan bolsun elini ýüzüne sylyp töwir galdyrmaýany ýok bolsa gerek. Halkyň içinde eşdilýän gürrüňlere görä kähalat ýadyňdan çykyp ýa gürrüňe güýmenip gabrystanyň gabadynda töwir galdyrmasaň, özi rus taksistdir welin «töwir galdyrmadyň-la?» diýip ýatladaýýa diýýänlerem bar. Ýa bolmasa gaýry dinlem bolsa seň bilen olam elini ýüzüne sylýandyr. Bu-da gabrystanyň gabadyndan geçeňde töwir galdyrmagyň türkmeniň aňyna şeýle berk ornandygyny görkezýär. Sebäbi hem, gabyrdaky ýatan bende mydama bizden ýardama garaşýar. Bizden barjak Elhamdyr, Kulhuallalar bilen ruhlary şat bolup, rahatlaýarlar. Çünki gabyrdaky döwri şeýle kyn şertler bilen geçýändir. Bizden barjak kiçijik manawy kömek hem olaryň ruhlaryny rahatlatjakdyr. Pygamberimiziň s.a.w. bir hadysynda: "Ölen kişi gabrynda gark bolup barýaka kömek isleýän adam ýalydyr. Kakasyndan, doganyndan ýa-da dostundan özüne geljek doga-dilege garaşýandyr. Ahyry şol dilegler özüne gelende, bu dilegleň sogaby dünýe we dünýädäki hemme zatdan has gymmatlydyr. Hakykatdan hem dirileriň ölülere sowgady doga-dileg we bagyşlanmagyny dilemegidir" Anna agşamynda berýän sadakalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir