ERKINLIK - NURY-DIDÄM»            Çagalyk ýatlamalary                    I Ömrümiň gözbaşy, bissimillasy, Heý, ýatdan çykarmy, eziz çagalyk. Kejirlik gol berip garagolluga, Dünýämizde sürerdiler agalyk. Ýadymda, bir günem elimiz torly, Garaz, eýdip-beýdip tapyp ugruny. Bir guşjagaz tutduk, uzyn gün selpäp, Serçemi ýa kepderimi, gumrumy?! Suw diýermiň, arpa-däne diýermiň, Hiç gysganman, gysym-gysym bersek-de. Hälki ýeke dänäň zary guşjagaz, Bar zatdan ýüz öwrüp otyr bir çetde. Onuň dideleri mawy asmanda, Görnenok gözüne şondan gaýrysy. ...Birdenem çyrpynyp beýge galdy-da, Guşjagaz şeýle bir zaryn saýrady. Ol zaryn saýraýyş, ol täsin owaz, Göýä dar kapasaň tagmasy ýaly, Göýä  erkinligiň nagmasy ýaly, Heniz-henizlerem gaýtalanyp dur, Ýüregimiň gatbar-gatbar çuňunda, Görüň, hiç bir bagt, hiç bir baýlygam, Zat däl eken erkinligiň öňünde. Erkinlik! Diňe bir ynsanýetiň däl, Ynsyň-jynsyň söýüp-söýlän bagtydyr. Goý, bu bagt ykballara hemişe Saçyp dursun, hakdan nurly ýagtysyn!                    II Ol günlerde deň-duş oglanlar bolup, Üýşüp, bir ýerräge jemlenşäge-de. Käte atyş-atyş oýnan bolardyk, Köçäniň çetinde, ürgün çägede. Şol günem diýsene... Maňa çenediler agaç tüpeňi, Men ýykylan boldum, şerti şeýledi. ...Görsem,hon-ha, «Balam, näm boldy?»diýip, Enem gelýär, etek alty, ýeň ýedi. «Wiý, oňa ok degdi...» - güldi çagalar, Göýä enem jana çalyndy şarpyk. -- Aýdýanyňyz näme, beý diýmäweriň... gözler doldy, gürläp bilmedi artyk. Kem-kem özün dürsäp, sylyp gözlerin, Ählimizi jem eýleýip daşynda. Şol gün kän zat gürrüň berdi enemjan, Uruş gopup dünýeleriň düz wagty, Bir ýowuz habaryň gelşi hakynda. Gözün açyp gören dag deý oglunyň Birje oka pida bolşy hakynda. Ylla, gopup munda ahyrzamana, Gussalaň gysaja gysyşy hakda, Karar tapman asman-zemin arada, Eziz perzendiniň ýoluna garap, Bozlap-bozlap garaşyşy barada... Kän-kän ahmyr, kän-kän gussa bar eken, Enemiň göwnünde, eziz gursakda. Ömürleriň öwrüm-öwrüm ýolunda, Köp darkaşlar bilen bolup ýüzbe-ýüz. Ak günlere yhlas eden ezizler, Şükür, bu gün ajap döwran sizdedir. Arzuwy gowşuryp, Allaň eçilen, Bu bitarap, erkin döwri siziňki. Arkadag Serdaryň aýdyşy ýaly, «Töre siz, türkmeniň töri siziňki, Ulug siz, mertleriň ruhy siziňki. Gara dagdan arkasy siz Watanyň, Arzysy siz, sarpasy siz Watanyň!»   Ahmyrlaryň külün asmana sowran Gül goýnunda bu sowulmaz baharyň, Başlar indi diňe bagtdan sämär, Bu asuda günleň hözirin görüp, Indi beri rahat ýaşawer, käbäm! Gussaly döwürleň geçdigi bolsun, Ol günleň galdygy bolsun alysda. ...Garagolluk edip, ol zalym urşy, Ýatladanmyz üçin bizi bagyşla!

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir