Seni Beýik saýyp ýalñyşdymmy men, Görjek bolup Sende diñe gowlugy? Ýa Señem içiñde garalyk bilen Göripligiñ bolmaklygy dogrumy? Men Seni durmuşyñ depesi saýdym, Diñe Tañra aýan saýdym durkuñy, Senden bir çümmüjek ýetse-de — baýdym, Sende gördüm ýaşaýyşyñ görküni. Bu içigaralyk, milletparazlyk, Dindarlyk, dinsizlik gerek nämäñe? Hapalyk, haramlyk, pislik, ýamanlyk Öñ Sensizem ÿetik dälmi Dünýäme? Ýa Senem durmuşyñ bir bölegimi, Meñ durmuşdan beýik saýan Gudratym? Onda Señ ugruñda selpäp ýörenmi Hasap edäý Senem ýeke pursadyñ. Setirlermi, gözýaşlara ýugrulan, Aýdymymy, altyn  pula bermedik, Bir Saña mynasyp gören duýgulam, Kä dogulşyñ, maña ýerler sermedip, " A " harpyndan şermendeleñ elinden Alyp gaçyp, dost deregne soranym, Adyma at goşjaklaryñ dilinden, Soñam elin serenlerden goranym, Garyp günüm, sežde edip, sygnanym, Men nämüçin ýene Seni küýseÿän?! Seniñ bolsa  bu durmuşa sygmagyñ Meni juda, Meni juda köseýär! Ýa men ýalňyş ýasadymmy ömrümi, Seni gudrat saýyp şu güne çenli, Ýa ölsemem, da:şa ýazyp göwnümi, Adymyñ  astydan seretjek Senmi? 03-04.12.2016ý.

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir