Meniň bir tanşym bar: adyn aýtjak däl. Tapawudy näme – Meretmi, Kuly. Wezipesi näme – onam aýtjak däl, Tapawudy näme – kiçimi, uly. Alýan aýlygy-da biziňki ýaly. Hut biziňki ýaly aýagy, eli. Ýöne bizden birje tapawudy bar – Köpmüşin puly. Nireden alýarka? Onam biljek däl. Ýöne käte-käte gijände dili, Gezelenje gelýär. Ýa-da çagyrýar. Damaskmy, Beýrutmy, Müsürmi, Çili – Ynsan ömri hakda, azary hakda, Armanly ölenleň mazary hakda, Müňläp pajygaly mesele hakda, Dünýäň derdi hakda, keseli hakda Gürrüň edilende – başyny ýaýkap, «Hä-h şeýle-dä!» diýip, dem alyp uly, Hyrçyn dişläp, için çekýärem weli, Birden arasynda ýylgyraýýar ol Ýadyna düşende puly, puly, puly...