“pars atlarynyň abraýyny asmana göteren atlaryň asly, garabag welaýatyndan gelip çykýar” – “konezawodstwo” žurnalynda 130 ýyl mundan ozal çap edilen “persiýanyň atlary barada kelam agyz söz” atly makala şular ýaly sözler bilen başlaýar. ýöne söz dogrysy üçin bu abraý, kiçi päl bilen aýdanymyzda, deň derejede türkmen aty döredendir, şeýle-de bolsa 19-njy asyryň ahyryna çenli garabag (azerbeýjan) atlary kawkazyň bezegi we buýsanjy bolup, diňe bir hanlaryň däl, eýsem patyşalaryň hem eýerlerine mynasyp bolan atlardyr. russiýada birçakdan bäri bu atlara uly baha berilipdir we olar persiýanyň atlary diýilip tanalypdyr. öz watanynda, daglyk garabagda bolsa atlaryň bu tohumyna “gögleň” diýilýän eken. az sanly ownukdan gelşikli garabag tohumynyň häzirki döwür wekillerinde, öňki tohumdan diňe aýry-aýry sudurlary galypdyr. ýogsa, geçen asyryň suratlandyrmalaryndan we şekillerinden çen alsaň, gögleň, görnükli gündogar tohum atlaryndan bolupdyr we owadanlykda arap atlary bilen bäsleşlp bilipdir, beden gurluşygynyň dogrulygy bilen bolsa, oňa taý geljek at hem ýok eken. garabag atlaryny tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň ýene-de biri, olaryň altynsow reňki bolupdyr, şol sebäpden olary ýene-de “sarylýar”, ýagny “altynsow” diýip atlandyrypdyrlar. “gögleňleriň” iň gowulary, köp ýyllaryň dowamynda, garabag hanlaryň ellerinde bolupdyr. olaryň at zawodlary, tohum atlarynyň esasy ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolupdyr. han tohum atlarynyň has bellileri, esasy iki tipden ybarat bolupdyr, ýagny, tokmak hem-de teke-jeren. birinji tip gögleň-baýtalyň we gelip çykyşy näbelli pars atynyň garyndysy, ikinji tip teke baýtaly bilen garabag atynyň garyndysy bolup, ol özüniň iri boýy we çapuw ukyby bilen tapawutlanypdyr. şol döwür rus atşynaslarynyň arasynda garabag atlarynyň aňrysy arap atlarynydan diýen düşünje ýaýran eken. sebäbi 19-njy asyrda at ýetişdirýänleriň we alymlaryň arasynda, arap atlary dünýäde iň gadymy, iň arassa we iň gowy tohum diýen pikir höküm süripdir. edil şonuň ýaly türkmen atlarynyň hem arap aňrysyny gözläp başlapdyrlar, ahal-teke we ýomut atlarynyň arap atlaryndan tapawutlylygyny bolsa, ýerli atlar bilen garyndylygy bilen düşündiripdirler. ahal-teke atlarynyň has ir gelip çykanyny, arap atlaryndan hem gadymylygyny, ilkinji bolup professor w. firsow 1895-nji ýylda “konezawodstwo” žurnalynda çap edilen, orta aziýanyň gadymy taryhy barada gürrüň berýän, “türkistan we türkistanyň tohum atlary” diýen işinde subut etdi. şol ýerde hem ol garabag atlarynyň türkmen atlarynyň nesilindendigini nygtaýar: haçan-da horezmi dolandyran osmanlar, çingizhana garşy tutanýerli göreşde ýeňlişe sezewar bolanlaryndan soň, türkmenleriň aýry taýpalary atlaryny hem alyp, zakawkazýiýa gidipdirler. ondan başga-da, eýranyň şasy nedir şanyň garabagy dolandyran amanady pany, şanyň biwagt ölüminden peýdalanyp, nökerleri bilen watanyna gaçyp gelýär we özüni garabagyň hany diýip yglan edýär. ýolugra ol şanyň at zawodyny hem ýany bilen alyp gaýdýar. nedir şanyň türkmenligini göz öňüne tutsaň, şol atlaryň arassa ahal-teke atlarydygyny çen etse bolar. kawkaz atçylygy üçin garabag atlarynyň roly, ýewropa üçin iňlis arassa tohum atlarynyň roly bilen deň ähmiýeti bardyr. azerbeýjanda onuň güýçli täsiriniň astynda, deliboz tohumy emele geldi. atlaryň kabardin tohumy çykarylanda hem, türkmen we arap tohumlary bilen bilelikde garabag tohumlary hem ulanylypdyr. 20-nji asyryň başlarynda garabag atçylygy dargap başlaýar. hanlaryň düýbini tutan zawody ýitip gidýär. şondan soň gögleňler ýerli, ýönekeý, tohum däl atlar bilen garyşyp, gündogaryň iň gowy tohum atlaryndan, ýerli dag atlaryna öwrüldiler. şeýle-de bolsa olarda arasyndan gündogaryň tohum atlarynyň häsiýetlerini saklanlaryny tapsa bolýar eken. şolaryň birisi, mele garabag aty zaman, mele-guş ahal-teke aty bilen bilelikde, 1956-njy ýylda, iňlis patyşa aýalyna sowgat berildi. garabag tohumynyň ýitip gitmeginiň öňüni almak maksady bilen, 1949-njy ýylda agdam raýonynyň geý-tepe diýilýän ýerinde at zawody gurulyp, ol ýere bar bolan baýtallar ýygnaldy. garabag tohumyny gowulandyrmak üçin arap we teke atlary ulanyldy. şu günki günde, arassa garabag atlarynyň sany, şol sanda günbatar ýewropada, elliden köp däl. indi diňe çekilen suratlar we seýrek foto suratlar, bu dag atynyň ajaýyp geçmişiniň barlygyny tassyklap bilýärler. garabag atlarynyň ykbaly, adamyň, nesilleriň dowamynda döredenlerini ýitirmegiň ýeňildigi we olary täzeden döretmegiň örän kyndygy barada bize ýatladýar. toplan kakamyrat geldiýew.