«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasyndaky Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilendigi baradaky hoş habardan soňky oýlanmalar TÜRKMEN binagärlik sungaty gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we özünde milli çeperçilik gymmatlyklarynyň ençemesini jemleýär. Türkmen milli sungaty medeni mirasyň täsin genji-hazynasy bolmak bilen, dünýäniň medeni gymmatlyklaryny has-da baýlaşdyrýar. Milli sungatyň ählisiniň taslama gurluşynda geometrik şekiller aýratyn orun tutýar, sebäbi wagtyň geçmegi bilen ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen bagly nagyşlar, töwerekdäki zatlaryň şekilleri has ýönekeýleşdirilip, geometrikleşdirilýär. Şu esasda olar gadymy döwürlerden bäri belgi, nyşari hökmünde türkmen halylarynyň, zergärçilik we külalçylyk önümleriniň, dürli döwürlere degişli binagärlik desgalarynyň taslama gurluşynda aýratyn orun tutýar. В. е. öňki III-II asyrlaryň külalçylygynda sekizburçluk haly äheňinde görkezilipdir. Bu şekil Parfiýa patyşalygynda halanýan nagyşlaryň birine öwrülip, hökümdarlaryň käbir şaýlarynyň ýüzünde sekiz şöhleli ýyldyz görnüşinde şekillendirilipdir. Sekizburçluk türkmen halylarynyň «guşly göl», «çarhypelek», «kejebe», «derweze göl», «maýda göl», «bossan» ýaly nagyşlarynda görkezilýan bolsa, türkmen keşdelerinde ol «sekizkeşde», «sekizgoçak», «sagdak» nagyşlarynyň esasy bolup durýar. XI-XIV asyrlarda sekizburçly ýyldyz Muhammet ibn Zeýdiň kümmediniň öň tarapynyň kerpiç nagşynda, Şirkebir metjit-kümmediniň içindäki tagçasynyň oýmur nagşynda, Abu Seýit Mäneliniň, Soltan Sanjaryň we Törebeg hanymyň kümmetleriniň gümmezlerindäki bezeglerde ulanylypdyr. Sekizburçluga we onuň bilen baglanyşykly dürli geometrik şekillere yslam ýurtlarynyň amaly-haşam sungatyna degişli işlerde hem giňden gabat gelinýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy nyşanlara, belgilerdir tagmalara, oňonlara. göz ýetirmäge, olary şekillendiriş sungatynyň dürli-dürli görnüşlerinde suratlandyrmaga giň ýol açyldy. Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen şekillendiriş sungatynda sekizburçluk şekiliň häzirki döwürde hem giňden ulanylmagy bolsa, olaryň gadymy döwürlerdäki ýaly simwoliki ähmiýetini ýitirmändigine, gaýtam, olaryň täze bir öwüşgine eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň XIV mejlisinde döwlet nyşanlaryna üýtgeşmeleri girizmek hakyndaky kanun kabul edildi. Şondan bäri sekizburçluk Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ştandartynyň esasy boldy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň iň ýörgünli nyşanlarynyň biri bolan Oguz han Türkmeniň tuguny bezän sekizburçly ýyldyz ata-babalarymyzyň ynam-ygtykatlaryna goýulýan uly sarpadan nyşandyr. Bu nyşan ýurdumyzda gurulýan köşklerde, kaşaň binalarymyzda, seýilgählerimizde, halylarymyzda giňden ulanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy hem-de yzygiderli aladasy bilen täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň şähergurluşyk şyýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda täze binalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar, Aşgabadyň täze binagärlik keşbi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän ymaratlaryň aglabasynda gadymy geometrik sekizburçluk nyşan ulanylýar. Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen täze «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ägirtligi bilen tapawutlanýan sekizburçly nyşan bina aýratyn öwüşgin berýär. Sekizburçly ýyldyzyň iki tarapy gök reňkli gaýym aýnalar bilen örtülipdir. Gün çykyp, onuň şöhleleri aýnalara düşende, teleminara uzaklardan görünýär. Telewizion minaranyň seýilgäh zolagy hem sekizburçly şekili gaýtalap, milli äheň taýdan tapawutlanýar. Ýurdumyzyň döredijiligiň hem-de gülläp ösüşiň belentliklerine bolan meýillerini alamatlandyrýan bu desga täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň özboluşly nyşanyna öwrüler. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezindäki Oguz hanyň ýyldyzynyň «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilendigi baradaky hoş habar hem munuň şeýle boljakdygyny tassyklaýar. Telewizion minaranyň şekilini has aýratyn tapawutlandyrýan Oguz hanyň ýyldyzy häzirki döwrüň dünýä binagärlik ulgamynda iň uly ýyldyz hökmünde «Ginnesiň Bütindünýä rekordlary» kompaniýasynda hasaba alyndy. Bu barada kompaniýanyň resmi wekili Amanda Maken degişli halkara Sertifikaty Aşgabada getirende habar berdi. Bu bolsa taslamasy hut hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan we kämilleşdirilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň ajaýyp binasynyň diňe bir şu günüň däl, eýsem geljegiň we döwürleriň gaýtalaninajak binagärlik desgasyna öwrüljekdiginden habar berýär. Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen hem-de gadymy milli binagärlik däpleri özüne siňdiren deşgalaryň ýene biri hem «Bagt köşgüdir». «Bagt köşgi» paýtagtymyzyň täze binagärlik toplumynyň kemala gelýän yeri bolan günorta künjeginiň möhüm binasy bolup durýar. Onuň binagärlik çözgüdi täsinligi we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. «Bagt köşginiň» binasy hem birnäçe gatly sekizburçly ýyldyzy gaýtalap, özboluşly binagärlik gözelligini döredýär. Binanyň ýer togalagyny alamatlandyrýan ýokarky böleginiň dört tarapy sekizburçly ýyldyzyň şekilleri bilen gurşalypdyr. «Bagt köşgi» binasynda mukaddeslik bilen simwolika utgaşýar. Çünki täze maşgalalary döretjek bu köşgüň özi mukaddeslikden nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilýän ymaratlaryň bezeg işleriniň ählisinde diýen ýaly sekizburçly ýyldyzyň suduryny görýäris. Bu pederlerimiziň bize miras goýup giden däp-dessurlaryna, alamatlarynyň many-mazmunyna taslama-çeperçilik taýdan täze görnüş we ömür berilýänligini aňladýar. Türkmen halkynyň milli sungatynda nyşanlyk häsiýete еýе bolan şekiller öz taryhyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýtmak bilen, täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanyna çenli ulanylyp gelinýär. Türkmeniň şekillendiriş sungatynda, şol sanda binagärlikde ulanylýan nyşanalary öwrenmek, onuň ornuny kesgitlemek, gadyr-gymmatyna baha bermek, aýratyn hem, medeniýetde we sungatda giňden ulanmak işleri barha kämilleşyär we rowaçlanýar.

Köneler, Aisha tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir