Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. Häzirki döwürde mähriban Watanymyz ösüşleriň, özgertmeleriň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işleriň ählisiniň düýp özeninde “Döwlet adam üçindir” diýen parasatly ýörelgäniň beýany jemlenendir. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler diňe guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, Türkmenistany ykdysady taýdan durnukly ösýän, ynamdar döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi-de ykrar edýär.Döwletimiziň Garaşsyzlygyny halkara derejesinde berkitmek, dünýä ykdysadyýetine goşulyp, ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, milli ykdysadyýetimizi ösen bazar ykdysadyýetine öwürmek we ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly möhüm meseleleriň çözgüdiniň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Döwletimiziň şeýle çalt depgin bilen ösmeginde ykdysady ulgamyň orny örän uludyr. Häzirki döwrümizde işewürlige giň ýol açyldy. Ägirt uly ykdysady galkynyşy başdan geçirýän Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy bölegi hökmünde telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn ünsüň berilmegidir. Şu günlerde ýurdumyzda birnäçe iri kärhanalar we kiçi önümçilik bölümleri hereket edýärler. Olar ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna önjeýli goşandyny goşýarlar.Telekeçiligiň ösdürilmeginde, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda, önüm öndürijileriň arasynda bäsleşigiň ýokarlanmagynda telekeçileri ýeňillikli karzlaşdyrmak maksatnamasy köp babatda uly ähmiýete eýedir. Şonuň netijesinde has üstünlikli işleýän hususy kärhanalaryň ençemesi öz önümçiliklerini giňeltmekde döwlet tarapyndan goldawa mynasyp bolýarlar. Bu bolsa öndürilýän önümiň möçberiniň artdyrylmagyna, olaryň hiliniň gowulandyrylmagyna, bahalaryň arzanlamagyna, täze iş orunlarynyň döremegine ýardam berýär. Türkmen telekeçileriniň gazanýan netijeleri ýurdumyzyň gülläp ösmegine we sarp ediş bazarlaryny senagat we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegine getirdi. Öňki döwürlerde ýaşap geçen alymlar, taryhçylar ýurduň ösüş derejesine seljerme berenlerinde, ilki bilen, şol ýurduň ykdysady, medeni taýdan ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen, ilki bilen ýurtda bar bolan medeni ojaklar, kitaphanalar, bazarlar bilen kesgitlenipdir. Bazar durmuş akymyny sazlap duran ýerdir. Bazarlarda haryt bolçulygy döredilse, şeýle-de ol halk üçin elýeterli bolsa, şol döwletde halkyň ýaşaýyş –durmuş şertleriniň örän gowy boljakdygy şübhesizdir. Bazarlarda öz hünäriňi, ukyp-başarnygyňy görkezmäge-de, öndüren önümiňi ýerlemäge-de mümkinçilikler bar. Şu günki günlerde hem bazar adamzat gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýerleriň biridir. Ýurdumyzda bazarlaryň ösdürilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygynyň aýdyň subutnamsydyr. Biziň bazarlarymyzda islän zadyň bar. Çünki önüm öndürijiler, daýhanlar ýa-da satyjylar bazarlarda haryt bolçulygyny döredýärler. Bu bolsa, birinjiden, bu ugurda zähmet çekýän adamlara döwlet tarapyndan ähli oňaýly şertleriň döredilýändini, ikinjiden bolsa, halkyň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygyny görkezýär. Görnüşi ýaly, bazarlar döwletiň ösüşinde uly orun tutýar.Halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy döwletimiziň ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Esasanam, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Aşgabat şäherimizde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän köpugurly bazarlar, söwda merkezleri halkymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Bazarlarymyzda azyk-haryt bolçulygynyň döredilmegi ykdysady özgertmeleriň oňyn netijesidir. Biziň bazarlarymyzda we her bir söwda merkezlerimizde göwnüň küýseýän miwelerini, gök önümlerini ýylyň dört paslynda tapyp bolýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde daýhanlaryň, mülkdarlaryň we telekeçileriň alyp barýan işleri örän ýokary. Olar döwlet tarapyndan berlen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Yhlasyňy gaýgyrmasaň, jomart türkmen topragy her bir dänäňi müň edip gaýdyp berýär. Gözüňi dokundyrýan datly hem ter miweler bazarlarymyzyň bezegidir. Bazara barsaň, tapylmaýan zat ýok. Güneşli ülkämizde öndürilýän miwelerden, ir-iýmişlerden, gök we bakja ekinlerinden gözüň dokunýar. Iýeniňde derdiňe derman bolýan datly miweleriň biziň topragymyzda ýetişdirilmegi bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Köpugurly söwda bazarlarynda harytlaryň ýerleşdirilişi hem sazlaşykly gurnalýar. Her bir söwda bölümlerinde bir ugurdaky harytlar ýerleşdirilýär. Bu bolsa alyjylara-da amatly bolýar. Olar gerekli harytlaryny belli bir söwda dükanlaryndan alyp bilýärler. Aşgabat şäherimizde hem birnäçe söwda merkezleri (“Berkarar”, “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Gurulýan bazarlarda satyjylaryň alyjylara medeniýetli hyzmat etmegi üçin-de, alyjylaryň ähli amatlyklardan peýdalanmagy üçin-de ähli oňaýly şertler döredilýär. Ähli bazarlarymyz, söwda merkezlerimiz ýurdumyzda ýetişdirilen miwelerden, öz telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen kökedir süýjülerden, şireli suwlardan, gök we bakja ekinlerinden doly.Ilatymyzy azyk önümleri bilen üpjün etmekde, esasanam, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň hyzmaty örän uludyr. Olaryň öndürýän ýokary hilli önümleri ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir. Welaýatlarymyzyň we paýtagtymyzyň islendik bir söwda nokatlaryna baranymyzda, hususy kärhanalaryň öndüren ýokary hilli önümleri elýeter we durnukly bahalardan satuwa çykarylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde gazanylýan üstünlikler döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara-da we hususy kärhanalara-da degişlidir. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen guş gursak dänelerden taýýarlanýan ýokary hilli çörek we çörek önümleri, unaş we unaş önümleri ýurdumyzyň söwda nokatlarynda esasy orunlary eýeleýär. “Petir”, “Altyn asyr”, “Melhem”, “Gatlakly”, “Şöhle” ýaly görnüşli çörekler we köke önümlerine ilatymyzyň islegleri barha artýar. Bulardan başga-da “Sekiz ýap”, “Eçil”, “Joş”, “Ýedi gün”, Han çaý” ýaly şerbetli we hoşboý ysly içgiler alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. “Täze aý”, “Aýaz baba” “Elin” ýaly süýt we süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanalar hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde önjeýli goşant goşýarlar. Mundan başga-da ýurdumyzda hereket edýän her bir söwda nokatlarynda arassaçylyk işleri ýokary derejede guralýar. Paýtagtymyzda täze gurlup, ulanylmaga berlen söwda merkezleri türkmen halkynyň binagärlik sungatyna kybapdaş gelmek bilen, olar paýtagtymyzyň gözelligine hem gözellik goşýar. Her bir söwda nokatlarynyň daş-töwerekleri arassa, ýollary asfaltlanyp, ýan-ýodalarynyň gyralary gül-gülälekler bilen bezelýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir