Türkmen halky gadym döwürlerden bäri suwa aýawly çemeleşipdirler hem-de oňa mukaddeslik hökmünde seredipdirler. “Suw-dirilik çeşmesi” diýlip, il içinde aýdylýan atalar sözi hem muňa güwä geçýär. Ata-babalarymyz ilaty suw bilen üpjün etmek üçin kärizleri gazypdyrlar, emeli kölleri döredipdirler. Pederlerimiziň göreldesini ýörelge edinen mähriban Prezidentimiz halky arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen ýörite milli Maksatnama esasynda agyz suw arassalaýjy desgalaryň ençemesini gurup berdi. Şolaryň biri-de 2014-nji ýylda Köýtendag etrabynda gurlup ulanylmaga berlen “Magdanlyagyzsuw” müdirligine degişli bolan agyz suw arassalaýjy desgadyr. Bu agyz suw arassalaýjy desga döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, desgada zähmet çekýän işgärler üçin ähli amatly şertler döredilendir. Döwrüň talabyna görä gurlan bu agyz suw arassalaýjy desgasy, gadymy Jeýhunyň suwuny arassalap, Magdanly şäheriniň hem-de Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Desgada oturdylan suw sorujy we itekleýji kuwwatly nasoslar dyngysyz işläp, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edýär. Oba-şäherlerde şeýle agyz suw arassalaýjy desgalarynyň gurulmagy ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna, berk bedenli, sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Şäheriň ýaşaýjylary ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşýandygy üçin milli Liderimizi tükeneksiz alkyşlara besleýärler. Bu gün ýaşyl öwüsýän gür baglyga bürenen Magdanly şäherini görmäge göz gerek.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir