maña Ý E T I M diýýäler ! Eje... sensiz maña ýetim diýýäler, Gülýäler görkezip gedemligini, Men aýdýan gaýtalap seniñ asmana, Kakamy almana gidenligiñi, Aýdýan ynha bir gün kakamjan bilen, Gelip meni bagra basjagyñyzy, Daýzamlardan meni öýe äkidip, Bile gujaklaşyp ýatjagymyzy. Eje sensiz maña ýetim diýýäler, Gülýäler dostlarym deñi duşlarym Bagyşla käbämjan aglama diýdiñ, Emma saklap bilmän gözde ýaşlarym. Birazajyk agladym men jan ejem, Agladym ýüregmi ýeñletmek üçin. Ynan käbäm bu gözýaşlar cykmady, Ynanmaýanlary diñletmek üçin. Ynha sen gelersiñ kakamjan bilen, Men bolsa olara subut ederin, Hemme deñ-duşlarmyñ icini ýakyp, Siziñ bilen aýlanmaga giderin. Garaşaryn garaşaryn şol güne, Aglatsada meñ üstümden gülýänler, Ýöne sizem dolanaýyñ tiziräk, Ýogsam sizsiz maña ýetim diýýäler.

Köneler, tarhun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir