Türkmenabat şäheri ýurdumyzda iri senagat, ylym, bilim we medeni merkezleriň biridir. Welaýat merkezimizde hormatly Prezidentimiziň deňsiz-taýsyz tagallalary netijesinde düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň garaşsyz, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi netijesinde welaýat merkezde ösüşleriň we özgerişleriň täze tapgyry giňden badalga aldy. Sanlyja ýyllarda dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen, kämil tehnologiýalara daýanýan häzirkizaman kärhanalary guruldy we üstünlikli işe girizildi. Olaryň arasynda kuwwatly pagta we pamyk egriji fabrikler, azyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar we beýlekiler bar. Bu täze kärhanalarda ýokary hilli we geçginli harytlyk önümler bolluk bilen öndürilýär. Şäherde ozaldan hereket edýän kärhanalaryň durklaryny täzelemek bilen baglanyşykly işler netijeli alnyp barylýar. Munuň özi bolsa şol önümçiliklerde zähmet çekýän adamlar üçin has amatly şertleri döretmäge, önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçlik berýär. Gahryman Prezidentimiz halkymyzyň döredijilikli güýjüne daýanyp, onuň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalary öňe sürýär we olaryň durmuşa geçirilmegini gazanýar. Alnyp barylýan beýik işler milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgesinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bu babatda Türkmenabatda bitirilen we bitirilýän işler örän guwandyryjydyr. Ilatyň saglygyny goramakda agyz suwunyň ýokary hilli bolmagy uly ähmiýete eýedir. Bu möhüm meseläni üstünlikli çözmek maksady bilen welaýat merkezinde kuwwatlylygy her gije-gündizde agyz suwunyň 150 müň kub metrine barabar bolan zawod guruldy. Ol diňe bir welaýat merkeziniň däl, eýsem, şähere ýanaşyk ýerleşýän obalaryň ilatyny hem arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde şäheriň lagym desgasynyň hem durky täzelendi. Ilatyň saglygy ýurdumyzyň baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu ynsanperwer ýörelgä eýermek bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işini ýokary derejelere çykarýar. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak maksady bilen kämil enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesi guruldy. Olaryň arasynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezi, welaýat «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi we beýlekiler bar. Olarda ilata ýokary derejede lukmançylyk kömegini bermäge amatly şertler döredildi. Bulardan başga-da şäheriň saglyk öýleriniň durkuny täzelemek, olary ygtybarly enjamlar bilen üpjün etmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýakyn geljekde welaýat köpugurly hassahanasynyň döwrebap binasy hem ulanylmaga berler. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda gurulýan bu hassahanada iň kämil lukmançylyk enjamlary oturdylar. Şeýle uly tagallalar lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa ahyrky netijede ilatyň saglygyny ygtybarly goramaga berk esasy döredýär. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek sagdynlyk we sport bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz bu meseleleri nusgalyk derejede çözmegiň hötdesinden gelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge gönükdirilen ýörelgä ynamly eýerilýär. Şu maksat bilen Türkmenabat şäherinde orta mekdepler, sport mekdepleri, sport desgalary köpçülikleýin guruldy. Bu buýsandyryjy sanawa 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumy we beýleki möhüm desgalar hem goşuldy. Olarda ýaşlaryň müňlerçesi tejribeli tälimçileriň sportuň dürli görnüşleri bilen höwesli meşgullanýar. Maksada gönükdirilen okuw-türgenleşik işleriniň geçirilmegi netijesinde lebaply türgenler uly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler we ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiz gadymy Beýik ýolunyň häzirkizaman nusgasyny döredijidir. Munuň üçin dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyzda ýol-ulag düzümi okgunly ösdürilýär. Häzirki günlerde Türkmenabat ¬― Farap aralygyna köprüleriň birbada ikisi ¬― demirýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Olaryň ulanylmaga berilmegi gadymy şäherimiziň ulag-üstaşyr mümkinçliklerini has-da giňeler. Ol bolsa ýurdumyzyň ösüşlere beslenmegine getirer.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir