Bir mert ýigit gözel gyzy halady, Ýigit oňa gije-gündiz maýyldy. Ikisi wysala ýetmezden burun, Gyz bir agyr derde uçrady bir gün. Haly gaçyp günde düşekde ýatdy, Gyzzyrma ýolukdy, üşetdi ýatdy. Aý ýaly ýüzüni dişedi mama, Mydam göwün berdi garaňky tama. Çünki onuň keşbi-- asly ak keşbi, Gara ýyldyz biten göge meňzedi. Günde perýat edýär, ah çekýär jenan. Gün ýaly tegelek ýüzi perişan. Bu habar gowuşdy aşyk ýigide, Ol ýüzüne çekdi bir gara perde. Ýumdy gözlerini gaýdyp açmady, Gapyl göreçleri şöhle saçmady. Agzyndan ot çykdy hem çekdi pygan, Dostlaryna etdi derdini aýan: >, Aşyk bilen magşuk bir gün birleşdi. Kör ýigit hem ýüzi betnyşan aýal Bile ýaşadylar, boldular hoşal. Aýalyň ärine gelýärdi haýpy, Emma bir gün onuň ýatdy ak bagty. Äri bilen ýigrimi ýyl dünýäde Ýaşap, bu jahandan gitdi ol bende. Ýigit ýeke galdy açyldy gözi, Rakyplar şol pursat diýdi şu sözi: Aşyk diýdi: Diýdiler:. Abdyrahman Jamy (1414--1492)

Köneler, karkara tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir