Bir wagtlar gadymy Was topragynda uly gala bolupdyr. Ol galada bolsa bir aýal şalyk sürüpdir. Ol şa aýal ýurdunyň abadançylygyny gorap saklamak üçin elinde baryny edipdir, hemişe ýaşululara maslahat salypdyr. Ine, günleriň birinde Was galasy bilen ýanaşyk goňşy oturan patyşalygyň hökümdary aýal şanyň üstüne çapar goýberipdir. Ol çapardan: «Sen maňa durmuşa çykmasaň, men seniň ýurduňda ýumurtga togalabermeli ederin» diýen habary goýberenmiş. Bu habardan soň şa aýal ýurdunyň ýaşulularyna maslahat salypdyr. Olar uzak maslahatdan soň: — Sen goňşy ýurduň hökümdarynyň öňünde şert goý. Eger-de ol seni ýurduňa çenli atly kowup ýetse, sen oňa barmaga razy bol. Han muňa razy bolar. Ýöne hana bildirmän atly gaçjak ýeriňde ýedi sany täzeräk gulanlan baýtaly menzil salymda daňyp goý! Sen atyň ýadan mahaly taýýar ata münüp gidiberersiň. Baýtal han atynyň şowhunyndan gorkar, hem-de öz taýyna ýetmek üçin gaty çapar — diýip, şa aýala maslahat berýärler. ... Şondan soň, şa aýal hanyňka myhmançylyga barýar we özüniň bir şertini bitirse, oňa barmaga razydygyny aýdýar. Han hem şa aýalyň şertini eşidip, oňa razy bolýar. Şondan soň olar şerti ýerine ýetirmäge başlaýarlar. Şa aýal atly gaçyp ugraýar, han bolsa elinde baryny edip kowup başlaýar. Emma iki ýurduň arasyndaky boşluk meýdanyň uzakdygy sebäpli, hanyň aty ýadap ugraýar, şa aýal bolsa ýolda ýedi ýerde atyny çalşyp, sag-aman ýurduna dolanyp gelýär. Han bolsa hernäçe kowalasa-da şa aýalyň yzyndan ýetip bilmän, ahmyrly yzyna dolanmaly bolýar. Bu wakadan soň, han şa aýala nähili zyýan ýetirjegini bilmän, ahyry Was galasynyň golaýyndan geçýän we Was halkyny suw bilen üpjün edip oturan Tüni derýany bent edýär. Aýal şanyň ýurdy, Was galasy suwsuz galýar. Ekin-dikin bolmandan soň Was tozýar. Aýal şa we Wasyň halky suwly ýerlere göçýär. Was galasy hem tozup, diňe ol hakyndaky rowaýat halkyň hakydasynda galýar. * * * Was Daşoguz welaýatynda ýerleşip, ol Amyderýanyň köne akymy bolupdyr.