Salam Ejejan gowymy ýagdaýlaryñ ýegenjiklerim doganlarym Kakam Hemmesi gowymy saglygyñ nähili käbäm. Men bilýän sen hökman gowy diýersiñ. Sebäbi sen hiç haçan bizi alada goýmajak bolup derdiñi aýtmaýadyña ahyr Ejemjan.
Meñ aklym goýalýamy ýada ýaşym ulalýamy bilemok soñky döwür sen hakda kän oýlanýan jan Ejem geçen gezek tomusky jogaba öýe baranymda sagat gijäñ ýarydy. Binjalyk etmejek bolup sizi ukudan oýarmadym. Ýakynjagyñda oturyp seni synladym käbäm, gözlerimden iki damja ýaş akdy saçlaryñ agaryp mähirli ýüzüñ ýygyrtdan dolan ekenä käbäm, meni kämillige getiren ýyllar, asyl senem garrylygy sary äkiden eken... maña köp zatlary düşündiren durmuş seniñ çar gara saçlaryña gar sepen ekeni. Ýöne...ýöne käbäm başyñdaky şu ak saçlaryñ näçesi maña degişli çagalykda ýada bilmezlikde şolaryñ näçesini men agartdym MÄHRIBANYM, elbetde agy garany saýgaryp göwnüñe degmedigem bolsam çagalyk döwrümde bilmezlikde edilen zatlar üçin ÝÜZ MÜÑ GEZEK ötünç soraýan Meni bagyşla KÄBÄM. Ýadyña düşýämi Ejejan giriş synaglary başlanjak wagty men " Ejejan men okuwy gutaryp näme ugurdaN işlemeli bolaryn diyemde "Sen nähili işde işleseñ hem meñ üçin bütün ömrüme sowgat bolar diýipdiñ" Men arzuwyma ýeterin EJEJAN. Seniñem arzuwa ýeteniñi buýsançdan doly gözleñ beýan edip durar. Sen haty okap başlan wadyña balamyñ öz ýagdaýy nähilikä diýersiñ, men bilýän eje menem gowy sapaklarymada ýetişýän talyp ýoldaşlarym bilenem aram gowy hawa EJEJAN mugallymlardanam käýinç alanok seniñ balam " Emen süýdüñi haklajak bolsañ özüñden ulynyñ ýüzüne gañyrlyp bakmagyn diýeniñ hemmişe ýadymda... EJEJAN biraz gijirägem bolsa arzuwlam bir birden amala aşýar ýöne şol biraz giçlik seni enelik dünýäsine alyp bardy käbäm. Goý enelik dünýäsi bolsun emma şundan añyry garrama KÄBÄM islendik adamyñ durmuşynda iki sany ganaty bolýar. Mähriban KÄBESI eziz KYBLASY siz bakysyñyz meñ mähribanlarym.
Watan mukadessdir Saçak mukadessdir ENELER mukadessdir Sen mukadessiñ EJEMJAN...Talyp ogluñ .........!!!
http://line.me/ti/p/~maxmenxov