Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde örän uludan tutulup, diýseň, şowhunly ýagdaýa eýe boldy. Bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň toýy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar üçin has ýatlarlykly boldy. Şonuň ýaly-da bu dabaraly toý medeniýet, sungat, bilen baglanyşykly zähmet çekýän adamlaryň hem ruhuny galkyndyryp, köňüllerini ganatlandyrdy. Konserde gatnaşanlaryň hemmesiniň Arkadagymyzyň aýdymyna goşulyp aýdym aýtmaklary bu 25 ýyllyk toýuň ýatdan çykmajak waka öwrülendiginiň şaýady boldy. Biziň Mary welaýatymyzyň hem ähli medeniýet ojaklarynda şeýle dabaraly çäreler gurnaldy. Bu geçirilen çärelerde welaýatymyzyň we etraplarymyzyň ussat bagşy-sazandalary özleriniň iň oňat aýdymdyr-sazlary bilen çykyş edip, toýa gelenleriň göwünlerinden turdular. Muny toýa gelenleriň ýüzündäki mähirli ýylgyryşlaryndan hem aňmak bolýar. Bu uly toýda medeniýet we sungat işgärleri, umuman, döredijilik bilen meşgullanýanlaryň hemmesi hem asuda Watanymyzyň hem bagtyýarlykda ýaşaýan türkmen halkymyzyň ajaýyp durmuşunyň waspyny edýän aýdym- sazlary bilen çykyş etdiler. Welaýatymyzyň ähli raýatlary ýurdumyzyň hemme adamlary ýaly Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň örän täsirli hem şowhunly geçirilendigini özleriniň alkyşly sözleri bilen beýan etdiler.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir