Geljegini aýdyň ýola nazarlap barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýylsaýyn ösmegi, özgermegi dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwlet derejesinde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli beýik işleriň rowaçlanmagynyň özi bagtyýar durmuşyň kepilidir. Muňa mysal edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň diňe bir şäher, etrap merkezlerinde däl-de, eýsem, oba kentlerde hem gurlup ulanmaga berilendigini uly guwanç bilen bellemek ýeterlikdir. Çünki Türkmenistan döwletimizde “Bilimli nesil-kuwwatly Watan” diýen şygaryň astynda zehinli ýaş nesiller ýüze çykýar. Toýlary toýlara ulaşýan gözel Diýarymyzyň waspy hemmeleriň dilinde sena bolup ýaňlanýar. Milli Liderimiziň ýaş nesil baradaky atalyk aladalary netijesinde çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli bolmagy biz, ene-atalaryň başyny göge direýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy halkymyzyň baky buýsanjyna öwrüldi. Bagtyýarlyga beslenen Garaşsyzlyk toýy türkmen halkynyň ykbalynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary galdyrdy. Bu baýramçylyk mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdeplerinde, çagalar we döredijilik öýlerinde, çagalar baglarynda hem dürli çäreler, dabaralar işjeň guralyp, uly şowhun bilen bellenip geçildi. Welaýatymyzyň çar ýanynda belentden ýaňlanan aýdym-sazlaryň owazy bilen bilelikde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküleri hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzy, mähriban Arkadagymyzy wasp edýän şirin aýdymdyr goşgulary baýramçylyk sahnalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle buýsançly günlerde biz hem çagalarymyzyň bilim-terbiýe alýan ýerlerine baryp olaryň baýramçylyk çykyşlaryna höwes bilen tomaşa etdik. Elbet-de, bu şatlykly wakalar ene-atalar üçin hem ýakymly we täsirli boldy. Göwünlere ganat baglap, köňülleri joşduran şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýy türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýüreklere baky buýsanç çaýdy. Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime, Çarýana ýaň saldy aýdymyň sesi. Şatlykly günleriň owazy bilen, Diýarda ýaňlandy çaga gülküsi.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir