Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe bolup, eşretli ertirimize ynamly gadam urýar. Ykdysady kuwwaty barha artýan güneşli Diýarymyzyň ady eleme dolýar. Parahat, abadan, bolelin durmuşyň hözirini görýän türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne guwanyp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Şeýle ajap eýýamyň toý-baýramlarynyň dabarasam dag aşyp, aýratyn şatlyk-şagalaňa beslenýär. Garaşsyz döwletimizde toýy uludan tutulan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýramçylygy ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bolçulykda ýaşap, uzadan ýerine eli ýetýän türkmen halky bol harytly bazarlarymyzyň göwnejaý hyzmatyndan peýdalanýar. Baýramçylyk günleri welaýatymyzyň ýaşaýjylary Mary şäherindäki merkezi bazardan toý saçagyny bezemek üçin zerur önümleriniň şüweleňli söwdasyny etdiler. Gadymy halkymyzyň durmuşynda hemişe möhüm orny eýeleýän bazarlarymyzyň bagtyýarlyk zamanamyzda-da ýaşaýjylarymyzyň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Et, süýt, gök miwe, senagat we hojalyk harytlarynyň iňňän köp görnüşleri hödürlenýän bazarlarymyza ser salanyňda gözüň dokunýar. Il-günümiziň eýe ajap eýýamyna guwanjyň artýar. Baýramçylyk günleri welaýatymyzyň etraplaryndaky bazarlarynda amatly nyrhlarda harytlary hödürlän dürli görnüşleri önümleridir harytlary uly toýumyzyň baýramçylyk saçagyny giňden ýazmagy mümkinçilik berdi. Hemişe bolşy ýaly, bellenilip geçilen şanly senäniň şatlyk-şagalaňy bazarlarymyzdaky şüweleňli söwda bilen sazlaşykly utgaşdy. Asuda, abadan, bolelinlikde toýlanylýan toýuň bolsa, şatlyk-şowhuny belentden ýaňlanyp, kalplarymyza nur çaýýar.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir