Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda ýaşaýjylaryň diňe bir öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin däl, eýsem, dynç günlerinde medeniýetli, oňat dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilýän günleriniň - 27-28-nji oktýabryň dynç güni diýlip yglan edilmegi halk köpçüliginiň göwün-guşuny ganatlandyrdy. Adamlar dynç-baýramçylyk günlerinde maşgala agzalary, dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen dürli tagamlardan, naz-nygmatlardan doly desterhanlaryň daşyna üýşüp, baýramçylygy agzybirlikde, şadyýanlykda geçirdiler. Baýramçylyklara sowgatly barmak her bir adamyň, zähmet toparynyň göwün küýsegi. Ýurdumyzyň Baş baýramyny welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri hem mynasyp zähmet sowgatly garşyladylar. Ýüpekçilerimiz, gallaçylarymyz ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri täze ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişini tamamlap, olar ýaş maýsalara ideg etmek çärelerini giň gerimde ýaýbaňlandyrýarlar. Şu günler ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ony “Maryşeker” kärhanasyna tabşyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Welaýatymyzyň edermen pagtaçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda 313 müň tonnadan gowrak “ak altyn” öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler we Baş baýramy zähmet sowgatly garşyladylar. Şu günler bolsa maýdanlarda galan hasylyň ýekeje hanasyny hem ýerde galdyrman ýygnap almak işi dowam edýär. Biziň ýurdumyzda işläniň gadyry bilinýär. Köpýyllap birkemsiz zähmet çeken ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň önümçiligiň öňdebaryjylarynyň köp sanlysyna hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglarynyň berilmegi zähmet adamlarynyň ruhuna-ruh, şatlygyna-şatlyk goşdy. Başda belleýşimiz ýaly adamlaryň dynç-baýramçylyk günlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Aşgabat şäheriň, welaýat merkezlerinde Atçylyk sport toplumlarynyň döredilmegi, ol ýerde şenbe we ýekşenbe günlerinde at çapyşyklarynyň, dürli medeni çäreleriniň geçirilmegi adamlaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilik döredýär. Şeýle hem adamlar dynç we baýramçylyk günlerinde sport toplumlarynda geçirilýän sportuň dürli görnüşlerine tomaşa edýärler. Baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, estrada aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň gyzykly çykyşlaryna tomaşa edýärler.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir