Türkmenistanyň täze taryhyny esaslandyran milli Garaşsyzlygymyz halkymyzyň beýik taryhy, röwşen ykbalydyr. Bu günki günde ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde, bagtly zamanasynda ýaşaýan, halkymyz agzybirligiň, jebisligiň, abadançylygyň, gülläp-ösüşleriň, ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygyna, al-asmanda parlaýan ýaşyl Tuguň, dünýä içre tanalýan ata ýurduna, guwanýar, buýsanýar. Berkararlygy bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp Watanymyzda uludan dabaralanan milli Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi gün-günden ösüp-özgerýän welaýatymyzda hem uly dabaralar bilen bellenildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen welaýat merkezinde aýdym-sazlar bagtyýarlyk mukamy bolup, çar ýana ýaň saldy, şäheriň medeni-dynç alyş seýilgählerinde, ‘atlyk-şowhun artdy. Welaýat merkezine görk berýän ady ýaly ajaýyp mekan bolan-Bagtyýarlyk seýilgähi hem baýramçylyk röwüşe girip, bu ýere gelip-gidýän ýaşuly, ýaşkiçi nesilleriň ählisine şatlyk eçildi. Dürli görnüşdäki hiňňildikleriň daş-töwereginiň bezegi bolan bagtyýar çagalaryň gülki sesleri abadan Watanymyzyň çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanydygyny äleme aýan etdi. Seýilgähdäki “Böwenjik” kafesinde dürli buzgaýmaklardyr, doňdurmalardan, miwe içgilerinden höwes bilen iýip-içen şadyýan çagalar bagtyýar mekanyň gül-gunçalary bolup, baş baýramyň dabaralaryna gelşik berdiler. Seýilgäh boýdan-başa baýramçylyk ruhubelentlige beslenip, bu ýerdäki dürli oýunlar diňe bir ýaşkiçileriň däl, eýsem ýaşuly nesliň-de göwünlerini galkyndyrdy. Iki günläp dynç alan, baş baýramyny deňli-derejeli toýlan halkymyz baýramçylygyň ilkinji günlerinde asmana atylan dürli röwüşdäki salýutlara höwes bilen syn edip, älemgoşar reňkli salýutlaryň parahat asmanda lowurdap bagtyýarlyk nuruny saçyşyna guwandylar. Şol guwanç Bagtyýarlyk seýilgähinde baýramçylyk keýpine dolan bagtyýar çagalaryň ýüz-gözüne nur çaýyp, göwünlerine ganat bekledi.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir