Türkmenistan döwleti 1991-nji ýylyň güýzünde arzyly Garaşsyzlygyna eýe boldy. Şu ýyl Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygyna eýe bolanyna laýyk ýigrimi bäş ýyl dolýar. Türkmen halky, tutuş türkmenistanlylar Garaşsyz döwlete eýe bolmagynyň ýigrimi bäş ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçýär. Ýurdyň paýtagty Aziýanyň merjen şäheri Aşgabatda, welaýat hem etrap merkezlerinde, oba ýerlerinde türkmen halkynyň özbaşdak Garaşsyz döwlet bolmagynyň toýy uludan tutulýar. 2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenisatnyň paýtagty Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň ýigrimi bäş ýyllyk toýuna bagyşlanyp toý dabaralary geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde geçirilen harby parad has hem täsirli boldy. Harby parady ýurduň Prezidenti kabul etdi. Bellemeli tarapy bu geçirilen harby parada daşary ýurtdan gelen myhmanlar we harby ateşeler hem gatnaşdylar. Harby ýörişden milli goşunyň düzüm bölekleri we harby tehnikalar dabaraly ýagdaýda märekäniň öňünden geçdiler. Şeýle-de harby dikuçarlar we uçarlar hem uçarmansyz uçarlar asmandan uçup geçdiler. Harby paraddan soň dürli pudaklarda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlary, sportsmenler we şäheriň ýaşaýjylary dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň we tribunanyň öňünden geçdiler. Ähli parad dabarasynda gatnaşan adamlaryň ýüzlerinde Milli Garaşsyzlygyna, parahat hem bolelin durmuşyna buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Türkmen halky milli Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň uly ösüşlere eýe boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan gurluşyklar mekanyna öwrüldi. Ýylyň-ýylyna ençeme desgalar, toplumlaýyn ýaşaýyş jaýlary, täze obalar gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistan döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýy hem arşa galýar. Sebäbi Türkmenistan döwleti, tutuş türkmen halky bütin dünýä bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir