Watanymyzyň esasy baýramyna – Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty geçirildi. Forumyň işine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şeýle hem dünýäniň on alty döwletinden, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerden, Saud Arabystandan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Döwletiň wajyp şanly senesine uly hormat goýup, maslahata gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň Mekan köşgüniň mejlisler zalynda hökümet agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türlmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň, DTYB-niň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň birnäçe institutlarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdeperiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, birleşigiň ähli welaýatlardaky şahsy agzalarynyň, ylym we medeniýet işgärleriniň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Maslahatyň barşynda DTYB-i tarapyndan geçirilen işler barada hasabat diňlenildi, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda dünýä türkmenleriniň medeni – ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra türkmen halkynyň beýleki halklar bilen dostlukly hem-de doganlyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işini alyp barandyklary üçin türkmen kowçumlarynyň wekilleriniň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandylar. DTYB-niň aýratyn tapawutlanan daşary ýurtly işjeň agzalary hormat hatlary bilen sylaglandy. Biziň daşary ýurtly watandaşlarymyz şanly senä gabatlanan köp sanly dabaralara we çärelere gatnaşmak bilen, bu gün taryhy Watanlarynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň güýjüni we ruhuny duýmaga uly mümkinçilik aldylar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir