Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil, olaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da ýokary derejelere ýetirilýär, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylmy döredijiliginiň ugruny kesgitlemek, olary ýurdumyzyň ösüşi üçin zerur bolan ugurlary saýlap almaklyga gönükdirmeklige aýratyn üns berilýär. Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýylynda ähli ulgamlardaky şol sanda, bilim ulgamyndaky ýeten sepgitleri bimöçberdir. Bu ajaýyp ýylda dabara bilen belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygyna uly baýramçylyk sowgady bilen barýan welaýatymyzyň bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. 2015-2016-njy okuw ýylynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylary ýylyň- ýylyna geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna okuwçylaryň 14179-sy gatnaşyp, Türkmenabat şäheriniň, Serdarabat, Galkynyş, Halaç, Atamyrat etraplarynyň orta mekdeplerinden gelen zeninli okuwçylar aýratyn tapawutlandylar. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň 37-si döwlet tapgyrynda baýrakly orunlary eýelemegiň hötdesinden geldiler, şolaryň 5-si 1-nji, 14-si 2-nji, 18-si 3-nji baýrakly orunlardyr. Türkmenabat şäheriniň, Serdarabat etrabynyň, welaýatyň 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylarynyň bäsleşigiň döwlet tapgyryndaky görkezijileri has-da ýokary boldy. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Köýtendag etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy R.Gylyjowa Türkmenistanyň taryhy, welaýatyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary A.Hemraýew, B.Bazarow informatika, 10,11-nji synp okuwçylary J.Hudaýberdiýewa, B.Aşyrow himiýa, Türkmenabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy G.Ismatowa edebiýat derslerinden 3-nji orna mynasyp boldular. Welaýatymyzyyň zehinli okuwçylarynyň halkara deresinde geçirilýän bäsleşiklerdäki görkezijileri hem guwanarlyklydyr. Oňa mysal edip Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň Malaýziýa döwletinde “MIÝIO-2016”, Gruziýa döwletinde “10th IÝIPO”, Türkiýe döwletinde “INSPO-2016” ady bilen geçirilen halkara taslama olimpiadasynda fizika, biologiýa dersleri boýunça 6 sany altyn, 3 sany kümüş medala eýe bolan okuwçylaryny görkezmek bolar. Bu okuwçylaryň şeýle ýeňişleri gazanmagynda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň tejribeli fizika mugallymy Hudaýguly Rahymowyň, biologiýa mugallymy Toýly Gurbanowyň aýratyn hyzmaty bardyr. Welaýatymyzyň ýöriteleşdirilen 1-nji, Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdepleriniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdaky, olary bäsleşiklere taýýarlamakdaky baý iş tejribelerini öwrenmek we welaýatyň beýleki orta mekdeplerine ýaýratmaklyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda welaýatymyzyň bilm işgärleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak zehinli ýaşlary taýýarlamak baradaky işi mundan beýläk hem mynasyp dowam etdirerler.