Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyzyň durmuşy toýlara, halal hem päk zahmeti üstünliklere beslenip joşgunly dowam edýär. Taryha barabar ýyllaryň dowamynda Türkmenistan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi netijesinde Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlandy. Şeýle hem, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň XXV ýyllynyň içinde beýik özgertmeler, bilim ulgamynda ýetilen sepgitler her bir bilim işgärini buýsandyrýar. Obalarda, etraplarda, welaýatlarda gurlup ulanylmaga berlen ak mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary bu günki nesillerimizde ata Watana bolan söýgini, Hormatly Arkadagymyza bolan buýsanjy oýarýar. Diňe Lebap welaýatynyň mysalynda aýtsak, Döwletli, Garlyk şäherçeleriniň hem-de Garabekewül şäheriniň Zelili geňeşliginde “Berkaraр Zaman” obasynyň gurlup, olarda ulanylmaga berlen orta mekdep jaýlary, çagalar baglary Hormatly Arkadagymyzyň ykdysady taglymatynyň düýpli amala aşýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ýokary derejede ösdürmek üçin Milli maksatnamalar kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli baş ugry” Milli maksatnamasy, “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwri üçin Baş ugry Milli maksatnamasy” we “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy kabul edildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda bellenilen döwürde saglyk öýleriniň we merkezleriniň 163-si, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 168-si, orta mekdepleriň 228-si, medeniýet öýleriniň 112-si, sport desgalarynyň we sport bazalarynyň 22-si guruldy. Magdanly şäherinde gurlan dag magdan önümçiligine dahylly kali zawody ýurtda himiýa pudagynyň iň kuwwatly kärhanasy hasaplanylýar. Bu toplumda öndürilýän mineral dökünler ýurtda oba hojalyk önümleriniň has-da bol bolmagyna uly täsir etdi. Soňky ýyllarda ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 35 sany pagta arassalaýjy kärhananyň 25-siniň durky doly täzelendi. Şeýle hem Garabekewül şäherinde Pagta çigidini gaýtadan işleýän zawody gurlup, raýatlarymyza iş orunlarynyň birnäçesini döretdi. Inçe pagta süýüminden dürli mata önümlerini we ýüpülikleri taýýarlaýan ýurdumyzda hereket edýän dokma toplumlary hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde dörän we häzir iň çalt ösýän senagat önümçiligidir. 2009-njy ýylda Türkmenabat şäherinde ýurdumyzda iň iri pagta egiriji fabrik ulanylmaga berildi. Bu kärhana ýylda 19400 tonna pagtany gaýtada işlemäge, şonça pagta süýmünden 17700 tonna nah ýüplük öndürmage ukyplydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen dokma senagatynyň önümleri dünýäniň onlarça döwletinde arzylanýan harytlara öwrüldi. Dünýä ýaň salan Awaza syýahatçylyk zolagy, onda halkymyza we myhmanlar üçin ýörite niýetlenen myhmanhanalar, kotež jaýlary, şypahanalar toplumynyň gurlup halkymyza ýetirilmegi Hormatly Prezidentimiziň Milli maksatnamasynyň Baş ugur taglymlarynyň biridir. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we abadanlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Biziň döwletimiziň esasy ýörelgesine öwrülen “Döwlet adam üçindir!” diýlen jümle hakykatdan-da täzelenişiň alamatydyr. Ähli taraplaýyn sazlaşykly ösýän jemgyýet ýurduň ykdysady we syýasy kuwwatydyr. Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň kuwwatly Watanymyzyň röwşen gelejegi üçin dünýa ülüňlerine laýyk gelýän ýokary tilsimatly okuw jaýlarynda bilim almaklary, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda alyp barýan parasatly ýörelgeleri üçin Hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!