Adamzat taryhyna ser salanymyzda, müňýyllyklaryň dowamynda köpläp beýik şahsyýetleriň ýaşap ötendigini görýäris. Medeni jemgyýetiň kemala gelmeginden we taryhdan öňki döwürlerde-de şeýle ynsanlaryň ýaşap geçendigini çaklamaklyk hakykatdan has sowa düşmeklik bolmasa gerek. Gynansak-da, şol şahsyýetler dogrusynda bizde häzirki günde maglumatlar düýbünden ýok ýa-da olar hakyndaky käbir maglumatlar rowaýatlar we legendalar görnüşinde bize gelip ýetipdir. Şu sebäpli-de ylmy nukdaýnazardan olaryň taryhy şahsyýetler bolandygy şübhe astyna alnyp, olara “rowaýaty”, “legendar” şahsyýetler, gahrymanlar hökmünde garalýar. Mälim bolşuna görä, uzak taryhy geçmişde biziň ata-babalarymyz ýaşaýyş, durmuş, döwür, adamlar, bolup geçýän wakalar dogrusyndaky anyk maglumatlary asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirmegiň alajyny agtarypdyrlar. Netijede, pederlerimiz gaýalara, daşlara suratlary çekmek, soňabaka şekillerde we belliklerde wakalary beýan etmek arkaly maglumatlary saklamaklyga çalşypdyrlar. Arheologik gazuw-agtaryşlary netijesinde ýüze çykarylan we heniz-henizlerem tapylýan ýazgyly daşlar, toýun kerpiçleri, papirus, pergament, agaç gabyklary, kagyz ýaly önümlere möhürlenen ýazgylar we şekiller munuň aýdyň subutnamalarydyr. Käte biziň gadymy taryhy tapyndylary ýüze çykaranymyzda, olarda beýanyny tapan häzirkizaman ylmy nukdaýnazaryndan iňňän dogry hasaplanýan ylmy maglumaty görüp, gadymy ata-babalarymyzyň bular dogrusynda eýýäm şol alys döwürlerde anyk bilendiklerine, gynansak-da, bu barada biziň birnäçe asyr ýa-da müňýyllyk geçenden soňra bilendigimize, açyş edendigimize juda-juda geň galýarys. Netijede, dürli-dürli pikirler, garaýyşlar emele gelýär. Biziň pikirimizçe, birçaklar anyklanylan ylmy maglumatlar şol eýýamlarda ony saklamagyň we geljekki nesillere geçirmegiň kämil ulgamlaýyn mümkinçilikleriniň, serişdeleriniň, maglumatlaýyn tilsimatlaryň, maglumat ulgamynyň, has jemläp aýdanymyzda, maglumat jemgyýetiniň heniz bolmandygy munuň düýp sebäbi bolsa gerek. Mysal üçin, Gadymy Müsür siwilizasiýasynyň taryhyň gatlaryna siňmegi bilen, onuň ýazuwy, medeniýeti ýaly miraslarynyň aglaba bölegi-de adamzat üçin ýitirilipdir ýa-da unudylypdyr. Diňe gelip, 19-20 asyrlarda Gadymy Müsüre bolan gyzyklanma artmagy netijesinde kän açyşlar edildi. Biz gadymy müsürlileriň astronomiýa, matematika, arhitektura, medisina ýaly ylymlarda ep-esli netijeleri gazanandygyna göz ýetirdik. Bu beýleki siwilizasiýa merkezleri babatda-da hut şeýledir. Umuman, şu zerarly adamzat hatda öz taryhyny şindi hem doly, anyk we takyk bilmeýär, bu babatda ýüzlerçe soraglar, pikir-garaýyşlar bar, olar gitdigiçe artmasa, kemänok. Bu ýagdaý taryhy şahsyýetler babatynda-da dürli soraglaryň henize çenli anyk jogapsyz galmagynyň esasy sebäbidir. Mysal üçin, birnäçe asyr ozal ýaşan şahyrlaryň, pelsepeçileriň we beýleki görnükli adamlaryň haýsy milletiň wekili bolandyklary, olaryň doglan seneleri we ýaşan ýerleri, hatda haýsy eserleriň olara anyk degişlidigi hakyndaky soraglara jogap tapmakda uly kynçylyklar, jedelli soraglar dowam edýär. Netijede, biz her bir taryhy şahsyýetiň ömrüne we döredijiligine göz ýetirmek üçin, onuň yaşap geçendigi çaklanylýan döwrüni içgin öwrenip, şol döwre we ondan soňky döwürlere degişli çeşmeleri seljermeli bolýarys. Şeýle-de taryhy şahsyýetiň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine aýgytlaýjy täsirini ýetiren taryhy ýagdaýy çintgiläp öwrenmeli bolýarys. Gynansak-da, bu-da köp halatlarda gutarnykly, takyk netijäni çykarmaklyga mümkinçilik bermeýär. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri babatda-da bu hut şeýledir. 20-nji asyryň ortalarynda kabul edilen çaklama laýyklykda, Pyragy 1733 ýylda doglup, 1782 ýylda aradan çykypdyr diýlen maglumat öňe sürlüp gelindi. Bu senäniň kabul edilmegi Arminiý Wamberiniň kitabynda görkezilen maglumat bilen baglydyr. Çünki wenger alymy Merkezi Aziýa syýahat edende, Gyzyl ahundan Magtymguly Pyragy hakyndaky gürrüňleri eşidýär. Soňra bu meselä Ahmet Ahundow-Gürgenli, Ruhy Alyýew, B.Garryýew, M.Kösäýew, R.Rejepow ýaly alymlardyr ýazyjylar ýüzlenipdirler. Emma mesele henize çenli gutarnykly çözüldi diýip aýtmaklyga bizde esas ýok. Çünki aýdylýan çaklamalar şahyryň käbir goşgularyna esaslanýar, has takygy, olarda beýan edilen taryhy şahslar barada bar bolan maglumatlara, goşglarynda şahyryň öz daş keşbi hakynda ýazan setirleri ýaly gytaklaýyn (anyk ylmy maglumatlaryň ýoklugu zerarly) bilen baglanyşdyrylyp, dürli çaklamalar öňe sürülýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu sene biraz yza süýşürildi. Ýagny Pyragy 1724-1807 ýylllarda ýaşapdyr diýlen maglumat kabul edildi. Biziň pikirimizçe, bu sene-de gutarnykly we berk taryhy maglumatlara, çeşmelere esaslanmaýandygy zerarly anyk däldir. Pyragynyň ömür ýolunyň anyk seneleri geljekki ylmy seljermeleri talap edýär. Soňky çaklama döredilende bolsa, Çowdurhanyň ölümi, owgan şasy Ahmet Dürranynyň Maşada gelen ýyly (1769-70ýý.), soňra ölüminiň senesi (1772ý.) ýaly ýagdaýlardan we Pyragynyň öz goşgusynda özüne “ak saçly” diýmeginden çen tutulýar. Netijede, bu goşgy ýazylanda, Pyragy 45 ýaşlarynda bolan bolmaly diýlip çaklanylýar. Näme üçin Pyragynyň eýýäm 45 ýaşda saç-sakgaly çuw-ak bolmalymyş? Mysal üçin, hut meniň ýaşym 45 ýetende bolsa, saçlarym heniz çuw-ak bolanok. Hakykatda, Çowdur han ölende, Pyragy 70-80 ýaşlarynda bolan bolsa näbilýäň? Görşümiz ýaly soraglar kän, jogaplar bolsa ýok. Magtymguly Pyragynyň ömri hakynda maglumatlaryň az saklanyp galandygyna garamazdan, onuň kämillige gol ýapan beýik taryhy şahsyýet bolandygyna şübhe bolup bilmez. Galyberse-de, ol hezretleri weli derejesine ýeten öňdengörüji ynsan bolandygy-da şübhesizdir. Pyragynyň şahsyýet hökmünde dünýägaraýşy iňňän çylşyrymly bolmak bilen, ol, ilkinji nobatda, yslam dini bilen, has-da sopuçylyk tarykaty (sufizm) bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki biziň tutuş medeniýetimiz, sungatymyz, pelsepämiz, däp-dessurlarymyz şol bakylyk nurundan gözbaş alýar. Şol bir wagtda-da Pyragy dünýewi ylym-bilimlerden kemsiz habarly bolandygy-da aýdyň hakykatdyr. Pyragynyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, şübhesiz, türkmen halkynyň milli mirasy, medeniýeti we gadymy taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Diýmek, biz bu barada kelam agyz aýdyp geçsek, ýerlikli bolar. Türkmen halkynyň hem, edil umumy türki halklaryňky ýaly, iňňän gadymy taryhy bar. Gynansak-da, ýewropaly alymlaryň, ylaýta-da, hindiýewropa halklaryny we dillerini öwrenýän alymlaryň türki halklaryň taryhdaky möhüm ornuna (çünki türki halklar iň gadymy etnoslaryň biri bolup, san taýdan-da ep-esli bölegi tutýar) kembaha garamaklary netijesinde türki halklaryň etnogenezine, siwilizasiýanyň ösüşindäki taryhy ornuna bolan nädogry garaýyşlar irden bäri ylymda höküm sürüp gelýär. Eýran dilli halklaryň, hamala diýersiň, ähli ýerde ýaşandyklary, soňra niredendir bir ýerlerden türki halklaryň gelip, eýran dilli halklary özlerine gatyp-garyp (assimilirläp), olaryň ýerlerine eýe bolandyklary ýaly nädogry maglumatlar zerarly, bu möhüm mesele henize-bu güne deňiç düýpli ylmy çözgüdini tapman gelýär. Gynandyrýan ýeri, şol alymlar türki halklaryň nireden gelenini-de subut edip bilenoklar, nädip “az sanly gelmişek halyna” giden geografiki territoriýada ýaşap oturan san taýdan has agdyk eýran dilli halklary assimilirläp, türkileşdirip bilendigini-de esaslandyryp bilenoklar. Türkmenistan ençeme gadymy medeniýetleriň ojagydyr. Türkmen milleti bu medeniýetleriň hakyky mirasdüşeridir. Jeýtun, Änew, Altyndepe eneolit ekerançylyk medeniýetlerinden başlap, Marguş siwilizasiýasyna çenli, beýik Parfiýa döwletinden başlap, beýik Seljuk türkmen döwletine çenli, Horezmşalardan başlap, Türkmenistan Sowe Sosialistik Respublikasyna we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çenli, onlarça ululy-kiçili döwletleri guran hem biziň ata-babalarymyzdyr. Şonuň ýaly-da türkmen halky ähli türki halklaryň we türki dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biridir. Emma, gynansak-da, ХIII asyryň ýigriminji ýyllarynda Çingiz hanyň basybalyjylykly çozuşyndan soň, oguz-türkmen halkynyň ata Watandan (häzirki Türkmenistanyň çägi) çar ýana dargamak hadysasy bolup geçýär. Has takygy, türkmenler bilen gypjaklaryň döreden Horezmşalar döwleti ХIII asyryň ýigriminji ýyllarynda Çingiz hanyň basybalyjylykly hüjümine sezewar bolýar. Döwletiň içerki gapma-garşylyklary zerarly, gypjaklar Türkan hatynyň syýasaty netijesinde Muhammet şanyň bitewi goşun bilen mongollara garşy söweşe girmekden saklanyp, her bir uly galanyň özüni goramagy hakyndaky nädogry buýrugy bermegini gazanýarlar. Netijede, az sanly dagynyk goşunlary mongollar bir çetinden gyryp, ýurdy weýran edýärler. Muhammet şanyň türkmen aýalyndan bolan Jelaleddin Meňburun bitewi goşuny jemläp, mongollary Amyderýanyň kenarynda garşy almak hakyndaky pikiri näçe öňe süren-de bolsa, bu adalatly we dogry pikire gulak gabardan tapylmaýar. Muhammet şanyň pajygaly ykbalyndan soň Jelaleddin soltanyň baştutanlygynda halkymyz watany azat etmek üçin birnäçe ýyllap aldym-berdimli söweşleri dowam etdirýär. Emma indi öňki mümkinçilikler bireýýäm elden giderilipdi. Köneürgenç, Amul, Merw ýaly ajaýyp şäherlerimiz ýer bilen ýegsan edilipdi, iň esasysy-da, gadymy köklere eýe bolan ajaýyp medeniýetimize öwezini dolduryp bolmajak derejede zeper ýetirilipdi. Ine, gojaman taryhyň şol pajygaly döwründen başlap, merdana türkmen halkymyzyň berkarar döwlet gurup, azat-erkana ýaşamak hakyndaky hasratly arzuwlary öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Bu wakalardan soňra Seljuk türkmen döwleti döwründe başlanan günbatara sary göçüşler has güýçli depgin bilen dowam edýär. Dana pederlerimiziň:”Iki göç- bir talaň” diýişi ýaly, bitewi milletimiz çar ýana ýaýylýar. Owşar, baýat, gaýy, halaç, begdilli, zulkadar ýaly güýçli oguz-türkmen kowumlary Azerbaýjana, Eýrana, Anadola çenli baryp ýetýärler. Anadolyda beýik Osmanly türkmen döwletini, paýtagtlary Diýarbekir we Tebriz şäherleri bolan Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletlerini esaslandyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Sefewi döwleti-de şolaryň aýgytlaýjy hyzmatlarynyň netijesinde gurulýar. Häzirki Türkmenistanyň çäginde galan türkmenler bolsa sekiz ýüz ýyllap ýarym oturumly, ýarym çarwa halda ýasamaga mejbur bolýarlar. Ýöne muňa seretmezden, merdana halkymyz bitewi döwlete eýe bolmadyk halyna-da, öz milliligini doly saklap galmagy başardy. Bu gudrata barabar taryhy hakykatdyr. Alym hem syỳahatçy, Magtymgulynyň otuza golaỳ goşgusyny nemes diline terjime eden we neşir eden wenger Arminiý Wamberi ХIХ asyryň ikinji ýarymynda derwiş sypatynda Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistanyň çägine gelende, ençeme beỳik döwletleri guran türkmenleriň agyr ỳagdaỳyny, hatda paỳtagt eder ỳaly ỳekeje şäherleriniň hem ỳokdygyny görüp, gaty geň galỳar. Emma onuň has geň galan başga bir zady bardy. Ýagny ol: “Türkmenler Pamir daglarynyň eteklerinden, tä Hazar deňiziniň ỳakalaryna çenli uzaỳan giňişlikde örän dagynyk ỳagdaỳda ỳaşaỳarlar. Olar nädip dagap gitmän, özlerini bir millet derejesinde saklap bilỳärkäler?” diýip oýlanýar. Bu soragyna özi şeỳle jogap hem berỳär:„Sebäbi her öỳde Magtymguly okalỳar, “Görogly” hem “Oguznama” okalỳar“. Dünỳä belli filosof Haỳdegeriň belleýşine görä, watan iki “aỳagynyň” üstünde durỳar. Olaryň birisi “maddy aỳak”, ỳagny toprakdyr ýa-da ýerdir, ikinjisi bolsa “ruhy aỳak”, ỳagny milletiň dilidir. Şol “aýaklar” synsa, watan hem elden gider, ýitip ýok bolar. “Maddy aýak”, ỳagny toprak, ýer keseki basybalyjylar tarapyndan eỳelenip, hatda onuň hakyky eỳeleri onlarça we ỳüzlerçe ỳyllap gulçuluga höküm edilse-de ỳa-da olar öz yurdundan kowulsa-da, watan ỳeke “aỳagynyň” üstünde durup, öz ýaşaỳşyny şol halkyň dilinde dowam etdirer we iru-giç beỳleki “aỳagyna” gowşup, has berkirak hem has beỳikräk ỳagdaỳda gaỳtadan dikelip biler. Emma “ruhy aýak” synsa, ýagny dil ýitirilse, watanam ýiter, şol milletem ýitip ýok bolar. Türkmen milleti öz dilini we milliligini gorap saklamagy başarandygy üçin hem taryhyň çarkandakly ýollaryny sag-aman geçip, millet hökmünde rowaçlanmagy we ajaýyp milli döwletini esaslandyrmagy başardy. Munuň üçin biz merdana ata-babalarymyza çäksiz minnetdar bolmaga borçludyrys. ХV asyrdan başlap, oguz-türkmen tire-taýpalarynyň bir-birleri bilen jebisleşip, umumymilli häsiýete eýe bolmagy soňra türkmen milletiniň ХV asyrda kemala gelendigi hakyndaky nädogry pikiriň döremegine sebäp boldy. “Oguznama” eseri, “Görogly”, “Gorkut ata” eposlary, “Asly-Kerem”, “Şasenem-Garyp” ýaly dessanlarymyz iň gadymy döwürlerde- saklaryň, massagetleriň, marguşlylaryň we parfiýalylaryň zamanynda kemala gelen umumytürki edebi nusgalardyr we olara soňra yslam dininiň öwüşginleri çaýylypdyr. Bu ajaýyp eserler, galyberse-de, gaýtalanmajak milli mirasymyz we medeniýetimiz türkmen milletiniň iň gadymy köklerden gözbaş alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Gynansak-da, ХIII-ХХ asyrlaryň aralygynda türkmen milletine ýeke-täk bitewi döwleti berkarar etmek bagty miýesser etmedi. Magtymguly Pyragynyň:”Hor galmasyn puştba-puştum, berkarar döwlet istärin” diýmeginiň düýp özeninde şu pajygaly hakykat ýatyr. Magtymguly Pyragy özüniň kakasy Döwletmämmet Azadynyň milli idiýalaryny has ynamly, has paýhasly, has batyrgaý öňe sürüp, merdana halkymyzyň bitewileşmeginde, milli döwlet gurmak ideýasynyň halkyň aňynda ornaşmagynda, türkmeniň milliliginiň pugtalanmagynda möhüm taryhy wezipäni ýerine ýetirendigi üçin türkmeniň beýik milli şahyryna öwrüldi. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda Hajygowşan obasynda dünýä inýär. Ol türkmeniň gökleň tiresiniň gerkez urugyndandyr. Şahyryň özi bu barada şeýle ýazýar: Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. Magtymguly başlangyç bilimi we terbiýäni öz pederi Döwletmämmet Azadydan alýar. Şeýle-de ol ýaşlykda öz ata-babalarynyň ýonaçylyk hünärlerini özleşdirmegiň daşyndan, demir hem kümüş ussaçylygyny-da (zergärçilik) öwrenýär. Şahyryň bu hünärleri öwrenmegi öz halal çöregini gazanmagy üçin hem zerurdy. Galyberse-de, sopuçylygyň nagyşbendiýe tarykatynda kabul edilen ýörelgä laýyklaykda-da her bir sopy hünär öwrenmek we ony ýöretmek arkaly öz çöregini gazanmalydyr. Bu tarykatda kabul edilen düzgüne laýyklykda el serip, gedaýçylyk edýän ykmanda derwüşler ýazgarylýar, her bir ynsanyň öz halal lukmasyny öz halal zähmeti bilen gazanmagy ündelýär. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady hem, Magtymguly Pyragy hem sopuçylyk tarykatyna eýeren kämil şahsyýetlerdir. Maglumatlara görä, Magtymguly ýigrimi ýaşlaryndaka Amyderýanyň boýunda ýerleşýän Gyzylaýak obasyndaky (Halaç etrabynda) Idris Baba medresesinde bir ýyl çemesi wagtlap okaýar. Soňra, takmynan, 1754-nji yylda Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa gidýär. Şahyr medresede ýörite ders bermek üçin Siriýadan çagyrylyp getirilen Nury Kazym atly türkmen alymy bilen tanyşýar. Käbir sebäplere görä, bir ýyldan soň Nury Kazym we Magtymguly bu medresäni terk edýärler. Türkmen halkynyň berkarar döwleti gurmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyny islän bu iki dost ähli türkmen tireleriniň arasynda bolyarlar. Soňra olar Owganystana gidýärler, ondan aňryk Hindistana (Penjap, Kaşmir sebitlerine) baryp, ol ýerde bir ýyl alty aý töweregi bolanlaryndan soňra, ýene Kabulyň üsti bilen geçip, Özbegistanyň Margelan, Andijan, Samarkant şäherlerine, ahyrynda-da Türtüstan şäherine barýarlar. Olar 1757-nji ýylda şol döwrüň iň şöhratly medreselerinden biri hasaplanan Hywadaky Şirgazy medresesine gaýdýarlar. Gündogaryň nusgawy eserlerini ürç edip okamagy, köp yurtlara syýahat etmegi Magtymgulynyň gözýetimini has-da giňeldýär. Şirgazy medresesinde okap ugramagynyň ikinji ýylynda Magtymguly eýýäm beýleki talyplaryň halypasy bolýar, soň-soňlar bolsa medresäň müderresi bir ýerik giden wagty, onuň yerine ders hem berýär. Magtymguly bilen onuň dosty Nury Kazym Hywada bolan wagtlarynda, Şirgazy medresesinde türkmenler üçin ýörite bir bölüm açylýar. Şondan soň Hywa medresesinde türkmenlerden okamaga barýanlarynyň sany köpelip ugraýar. Aýdylyşyna görä, Seýdidir Zelili hem Magtymgulynyň Şirgazy medresesindäki ýaşan hüjüresinde bolupdyrlar. Magtymguly, takmynan, 1760-njy yylda Etrek tarapa gaýdyar. Ol bu barada şeýle ýazýar: Mekan eýläp üç yyl iýdim duzuňy, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy. Ötürdüm gyşyňy, bahar - ýazyňy, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy. Şahyryň medreseden gaýtmagyna ýurtda bolup geçýän galagoply ýagdaýlar, türkmen halkynyň ykbaly bilen baglanyşykly zerur çözülmeli meseleler sebäp bolupdyr. Oňa şu goşgy setirleri hem şaýatlyk edýär: Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, Sende tälim aldy, açyldy gözüm. Gelsin diýp garaşýar, ol gökleň ilim, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy. Magtymgulynyň ençeme ýurtlary aýlanyp, Türküstanyň ylmy merkezlerinde okap, örän baý hem gymmatly bilimlere eýe bolmagy we mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelmegi bilen, onuň ömrüniň syýasy-jemgyýetçilik babatdaky iň jogapkärli döwri başlanýar. Netijede, Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwriniň däl, eýsem halkynyň geljekki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideallary, beýik pikirleri, welilik bilen aýdylan hakykaty miras goýan beýik şahsyýete, akyldara öwrüldi. Bitewilik, jebislik, agzybirlik hakynda söz açyp, Pyragy halkymyza şeýle ýüzlenýär: Bir-biriňi çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, ýogsa körlikden. Agzalalyk aýrar ili dirlikden, Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý. Akyldar şahyr il-güni gysyp gowurýan, ynsanlyk mertebesini kemsidýän, hor-homsy, gözgyny ýaşaýşa sebäp bolýan agyr şertleri özgertjek, azat-erkin, bagtly ynsanlar kimin bolelin ýaşatjak ýeke-täk şert, girew hökmünde garaşsyz hem berkarar döwleti gurmagyň hökmanydygyny, ony bolsa diňe diňe agzybirlik, jebislik, bitewilik arkaly amala aşyryp boljakdygyny halkyň dili bilen halka aydýar. Mysal üçin, şahyryň şu goşgy setirlerini alyp göreliň: Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar. Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Türkmenler baglasa, bir ýere bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili. Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. Şahyr merdana halkymyzy gulçulykdan azat bolmak üçin bar güýji bilen herekete geçmeklige ündeýär, aýgytly göreşe çagyrýar: Gorka-gorka yflas ýagdaýa düşdük, Takdyr näme bolsa, görülsin indi! Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik, Degme, ol joş urup ýörülsin indi! Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup, Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup, Rakyp ähli musulmana gul bolup, Ilersi Soňydag sürülsin indi! Üstümizden duşman höküm sürendir, Mömün bary jebri-jepa görendir, Ogul - gyzy har öňüne berendir, Hemmeler ol jaýdan syrylsyn indi! Pyragy ýüz tutar türkmen iline, Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne, Dostlar, bizi ahyratyň siline Gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi! Pyragynyň türkmen halkynyň millet hökmündäki bagtynyň we rowaçlanmagynyň baş binýadyny, esasy şertini, girewini berkarar türkmen döwletiniň gurulmagynda görendigi syýasatşynaslyk babatynda-da akyldaryň iň öňdebaryjy pikir-garaýyşlara eýe bolandygyny görkezýär. Şol bir wagtda-da Pyragy şol arzuwy edilýän berkarar türkmen döwletini reýal syýasy-geografik ýa-da geosyýasy birlik hökmünde şeýle göz öňüne getirýär: Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy gara gözümiň garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Görşümiz ýaly, bu hyýaly döwlet häzirkizaman dünýewi hukuk döwleti bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişine doly gabat gelýär. Akyldaryň öňdengörüjiligi, weliligi ýene-de “Elhepus!” diýdirýär. Çünki akyldar tas 300 ýyl diýen ýaly öňünden häzirki Berkarar türkmen döwletiniň geografik ýerleşişini ýa-da dünýäniň syýasy kartasynda gündogarsy Amyderýa, günbatarsy Hazar deňzi bolan Türkmenistanyň tutjak ornuny anyk kesgitlemegiň hötdesinden gelipdir. Eger biz muny Pyragynyň şol döwürde türkmenleriň ýaşan çäklerini gowy bilendigi bilen delillendirmeklige synanyşsak, onda türkmenleriň görkezilen çäkden has daşda-da ýaşandyklaryny we häzirem ýaşaýandygyny göreris. Emma akyldar şahyr ol çäkleri “Türkmeniň” şygrynda, näme üçindir, agzamandyr. Muny diňe onuň weliligi bilen düşündirip bolar. Çünki Pyragy iki asyrdan-da gowrak wagt geçenden soň, dünýä ýalkym saçjak Berkarar Türkmen Döwletiniň takyk geografik çägini, şekilini öňünden görmegi başarypdyr. Magtymguly Pyragy türkmen han-begleri bilen yzygiderli geňeş geçirip, pikir alşyp durupdyr, umuman, syýasy-jemgyýetçilik işini alyp barypdyr. Mysal üçin, asly abdal türkmenlerinden bolan Owganystandaky şa Ahmet Dürrany bilen arkadaşlyk etmek ýollaryny geňeşmek maksady bilen, onuň öz çakylygy esasynda, Çowdurhanyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň, şol sanda Magtymgulynyň öz dogany Abdyllanyň Owganystana iberilmegi, emma olaryň ýolda duşmanlar tarapyndan şehit edilmegi Pyragynyň kalbyny lerzana getiripdir. Ol bu pajygaly waka hakynda, ilki Çowdurhany, soň bolsa öz dogany Abdyllany ýatlap şeýle ýazýar: Ahmet Patyşadan habar almaga Umyt etdi iller Çowdurhan üçin. Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge, Oňmady ykballar, Çowdurhan üçin. Çowdurhan görejim, köňül diregim, Sen wepat bolup sen zarlar içinde. Gökleňde pälwanym, ile geregim, Halky goýup gitdiň narlar içinde. Gülüp-oýnamadyk bile şat bolup, Başdan gitdi, bütin bizden ýat bolup, Magtymguly zar aglapdyr, mat bolup, Kaýda mesgen tutduň, gardaş Abdylla. Magtygulynyň edebi mirasy umumytürki edebiýatynyň aýrylmaz bölegidir. Çünki onuň döredijiliginde umumytürki edebiýaty, ylaýta-da Ýusup Balasagunlynyň “Kutadgu-Biligi”(ХI asyr), Ahmet Ýasawynyň “Diwany Hikmeti” (ХII asyr), Rabguzyniň “Kysasyl Enbiýasy” (ХIV asyr), şonuň ýaly-da Emadeddin Nesiminiň, Alyşir Nowaýynyň, Muhammet Fizulynyň we beýlekileriň döredijiligi bilen baglanyşygy görýäris. Bulardan başga-da şahyryň bütin arap we pars dillerinde ýazylan edebiýat bilen-de doly tanyşdygy bellidir. Şonuň üçinem Pyragy bu beýiklere uly sarpa goýupdyr. Şu şygyr setirleri-de muňa güwä geçýär: Jam göterip, baryp ýetdim bir bapdan, Hyrka geýip, il içinde san bolsam. Tün içinde baryp beýtulla tapdan, Zar ýyglaýan sahyplara hun bolsam. Abuseid, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdowsi, Nyzamy, Hapyz Perwany, Jelaleddin Rumy, Jamy-ul-many, Olarnyň ýanynda men hem kän bolsam. Damganyda ýörgen ussat Nowaýy, “Çardiwany”, “Perhad-Şirin” zybany, Zahyreddin Babur, “Mizan-Owzany”, Gaşlaryna baryp, men Mejnun bolsam. Okyp bildim men Sagdynyň Bossanyn, Gör, ne ajap, Hakanynyň Medaýany, Istär men Şahnama, Sakynamany, Halyf Omar bilen Süleýman bolsam. Salaman Afsaly serhoş eýleýip, Bahram guri tutup, medhuş eýleýip, Azadoddowlany bir guş eýleýip, Abumahfuz, Gyzyl Arslan han bolsam. Arbalet golunda, eý, Magtymguly! Rusteme Isgender hiç tutmaz ýoly, Ne bolsa bilgeý sen ilat hyýaly, Dertliler alnynda men lukman bolsam. Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşynda, pelsepesinde Arestu (Aristotel), Eflatun (Platon) ýaly gadymy ýunan akyldarlarynyň, Gündogaryň Abu Aly ibn-Sina, Omar Haýýam ýaly danalarynyň, ynanç-ygtykat dünýäsinde tasawwufyň beýik wekilleri bolan Mansur Hallajyň, Ahmet Ýassawynyň, Emadeddin Nesiminiň, şyh Nejmeddin Kubranyň, Bahaweddin Nagyşşbendiniň we Şahabeddin Sohrewerdiniň täsirini görýäris. Şol bir wagtda-da Magtymguly öz döredijiliginde iň esasy orny türkmen halkynyň ajaýyp milli mirasy bolan halk folkloryna berýär. Hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnüklidir, halkydyr, halka juda ýakyndyr. Magtymguly Pyragy häzirki zaman türkmen diliniň we nusgawy täze türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Çünki öz edebi däbinde uly we möhüm täzeligi girizýär, ýagny şygyrlaryny umumytürki resmi dili saýylýan çagataý türkiçesinde däl-de, öz döwründäki türkmen halk dilinde ýazýar. Bu barada alym G. Ataýew şeýle yazýar: „Nowaýy özüni türki dilde eser ýazmagyň baýdak göterijisi hasaplan bolsa, Magtymguly bu ýörelgäni zamanasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürýär. Ol sada türkmen dilinde-de uly edebiýaty döredip boljakdygyny, onuň çeper döredijilik üçin mümkinçiliginiň örän uludygyny subut edýär“. Pyragynyň bize gowşan diwanlarynyň göwrimi onçakly uly bolmasa-da, olaryň many-mazmuny gaty baý hem köpgyraňlydyr. Rus alymy professor Bertels hut şonuň üçin Magtymgulyny bütin dünýäni öz içinde görkezýän, ertekilerdäki „Jemşidiň jamyna“ deňeýär. Hut şonuň üçin hem Magtymgulyny öwrenmeklik örän çynlakaý hem yzygiderli ylmy yzlanyşlary talap edýär. Akyldar şahyryň döredijiliginiň her bir gyraňy aýratynlykda içgin öwrenmekligi talap edýär. Gynansak-da, bu iş henize çenli doly amala aşyrylanok. Hakykatda, Magtygulynyň döredijiliginiň her bir gyraňy gündogaryň belli-belli tanymal şahslarynyň döredijiligi bilen hemowaz bolup duýulýan bolsa-da, Magtymguly olaryň her birine belli derejede çalym etse-de, onuň gymmatly döredijilik mirasy özboluşly aýratynlyklara eýedir. Mysal üçin, Magtymguly Pyragy-da, Omar Haýýam hem bu dünýäniň panydygyny, ötegçidigini, gysga ömrüňi gaýgy-hasrat bilen geçirmän, eýsem wagtyňy hoş geçirmelidigini, hatda ol dünýäni gaýgy edip, bu dünýäden ýüz döndermeli däldigini ündeýärler. Mysal üçin, şu setirleri alyp göreliň: Magtymguly bu dünýäniň hamusyn, Ýygyp-düyrüp, ýele berdim namysyn, Pikir derýasyna, aklym gämisin Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin? Mollalar ahyrat sözün söýlärler, Münkür olma, gerçek işdir eýlärler, Kim biler ki, ahyretda neýlärler? Iýip, içip, münüp, guçup, öt ýagşy. Bedew ölse meýdan galar armanly, Hak yşgyna at sal meýdan ýoluksa. Är ölejek heňňam galar döwranly, Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa. Bertelsiň pikirine görä, Omar Haýýam gaýgyny şerap içmek, saz-söhbet bilen ýeňmeli diyen bolsa, Magtymguly Pyragy, onuň tersine, eger gaýgy-da, şatlyk-da, ynsanyň ömri-de gysga wagtlyk bolýan bolsa, onda bir minut hem wagtyňy ýitirmän, biderek geçirmän, hemişe hereket etmeli, döretmeli diýen pikiri öňe sürýär. Mgtymgulynyň döredijiligi sufizim bilen baglanyşklydyr. Ol hakyky yşgyň, ylahy yşgyň güýjüni, ebediligini wasp edip, ýalandan lap urýanlary, ýaranjaň we ikiýüzli ruhanylary tankyt astyna alýar. Mysal üçin, şu şygyr setirleri alyp göreliň: Magtymguly hakdan pyýala çekse, Pyýala joş berip, hyýala çekse, Aşyklar kalbyndan bir nala çekse, Dagy elendirer, daşy ýandyrar. Her zaman, Magtymguly, halk içre gezme laf edip, Sakla gybatdan diliň, ugrunda ynsaf edip, El uazatma köp pesada, yör hudadan howp edip, Sopylyk esbaby hoşdur, geý içiňni saf edip. Bolsa möý-möjek içim, bu esgi şaly neýlerem. Aşyk men diýp, lap urarlar ýalandan, Bellisini aýdar, sorsaň bilenden, Il gözüne kyrk ýyl tagat kylandan, Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse. Yşgyň awazasyn diňle daşyndan, Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan, Seriştäň kem bolsa yşgyň işinden, Bar habar al, gören mübtilalardan. Beýik Türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dogrusynda näçe aýtsaň-da, barybir, bärden gaýdýar. Şonuň üçin onuň şygyrlaryny öwran-öwran okanyňda, täzeden-täze oý-pikirler seriňe dolýar. Çünki Ol Hezretleri ýöne bir şahyr, hatda ýöne bir akyldar hem däl, Hezreti Magtymguly Hakdan halatly öwlüýä kişidir. Geliň, gowusy, akyldaryň birnäçe şygyr bentlerini okalyň we oý-hyýallaryň ummanyna gark bolalyň. Çünki Pyragynyň bentleri akylyňy-pähimiňi durlaýar, ömür, bakylyk, heňňam, dünýä hem-de ynsanyň kämil we bikemal gylyk-häsiýetleri dogrusyndaky düşünjelerimizi ýiteldýär, bizi her gezek geň galdyrýar, haýrana goýýar, tolgundyrýar, hatda agladýar. Reullullahyň aýdyşy ýaly, ynsanyň ýüregi erände bolsa, ol onuň didelerinden - gözlerinden dökülermiş... Aslyń owuç gumdur, dem bir nepesdir, Özüńe bir gözle, işiň hebesdir, Jesed bir menzildir, ten bir kapasdyr, Jan bir gözi bagly guşdur, ỳaranlar. Köňül perwaz eỳläp galdy ỳerinden, Howalanmyş, gökden iỳnmez, ỳaranlar Bir hyỳala düşmüş, çykmaz serinden, Bu hyỳaldan gaỳdyp dönmez, ỳaranlar. Noş edipdir muhabbetiň gandyndan Gulak tutmaz zahidleriň pendinden Turdy mekanyndan, çykdy bendinden, Dolanyp ornunda gonmaz, ỳaranlar. Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl, Häkim bolsaň, halky gün kimin çoýgul Akarda suw, ýa öserde ýel bolgyl. Hiç könül şatlygy çykmaz, Bir köňül ýykmaýan ärden. Ýagşylyk tamasyn etme Ýamanlyk çykmaýan ärden. Adam bolup adam gadryn bimeýen, Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende, söz manysyn bilmeýen, Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. Magtymguly, garap gözle daşyňy Jaýyn bilip sarp et nan- u- aşyňy Kämil tapsaň goý ýolunda başyňy Är yzynda gezseň, är dek bolar sen. Bir biwepa ýara gülüp bakandan, Şirin jany yşk oduna ýakandan, Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy Uzak ýola bidöwleti baş etme, Allanyň emrinden köňlüň daş etme, Akmaga iç berip, syryň paş etme, Galbyrda suw durmaz, gözemek bilen. Sam-sam adam bilen oturma turma, Zynhar namart bilen sen söhbet gurma, Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň, depesine täç eder seni. Magtymguly, ýalan -ýaşryk sözleme, Nuksanyň içinden haýyr gözleme, Egisgin derdiňi, diýgin, gizleme, Il-ulusdyr, dosy-ýary ýekäniň. Goç ýigidiň ady çykmaz, Döwleti, maly bolmasa, Endişeli iş bitirmez, Meýdanda däli bolsa. Gonmak täze ýurda ýagşy, Haly düşek törde ýagşy, Ol ýigitler görde ýagşy, Başy gowgaly bolmasa. Magtymguly bolsa başly, Uýalmaz gylyçly, aşly, Duzy zor, duşmany güýçli, Dosty wepaly bolmasa. Bimanynyň sözi janyňdan öter, Gybat edip, özi günäge batar, Ýamanyň zyýany iline ýeter, Nadanyň peýdasy, özüne degmez. Kim nan tapmaz iỳmäge, Kim ỳer tapmaz goỳmaga, Kim don tapmaz geỳmäge, Kim tirme şaly gözlär. Kimlere altyn täçdir, Kimler saỳyl mätäçdir, Kimler düỳpden gallaçdyr, Kim parça, haly gözlär. Kim nan tapmaz image, Kim ỳer tapmaz goỳmaga, Kim don tapmaz geỳmäge, Kim tirme şaly gözlär. Magtymguly, huş eỳläp, Gez didäňi ỳaş eỳläp, Däli köňül joş eỳläp, Ýüz-müň hyỳaly gözlär. Yrỳa boldy köpüň okan namazy, Taňry hiç birinden bolmady razy, Pygammar ornunda outran kazy, Para üçin elin aça başlady. Şalarda galmady hökmi-adalat, Bir pul üçin mufti berer rowaỳat, Bil, bu işler, nyşanydyr kyỳamat, Zalymlar bitoba öte başlady. Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň, Bendesi men söze hyrydar guluň, Kyrk oýnaşly hatyn, ýagşydyr biliň, Şereňňiz, köpdilli kethudalardan. Derwiş ýerde daldyr, ýa gökde aýdyr Doňuz derýa neýlär, it üýrüp aýa. Ýigidiñ hyýaly bolsa serinde, Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda, Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir. Mert oldur ki bolsa köñli rähimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli, Giň ỳerde garga deỳ bolsun wähimli, Ỳerinde hünäri, işi gerekdir. Namart çaşyr küren ile baş bolsa, Aỳbyn açar, öz ilinden daş bolsa, Serhoş bolan goç ỳigide duş bolsa, Salar gyljyn, üçi nedir, dört nedir. Magtymguly aỳlan pelegiň çarhy, Tanyr sen şol zaman duş gelen nyrhy, Namardyň ỳanynda ỳok iliň parhy, Pälin gözlär, mekan nedir, ỳurt nedir. Owal akan ỳerden akarmyş aryk, Men-menlik edeniň tanapy çüỳrük, Mertden aşna tutsaň, abraỳňa şärik, Namart aşnasyna hile getirmiş. Mestana ỳörinçäň gaỳry ỳurdunda, Önüp-ösen öz ỳurduňdan aỳrylma! Magrur käkilik deỳ nebsiň ugrunda, Dama düşüp, ganatyňdan aỳrylma. Günde ỳüz müň göç hem bolsa ol dünỳä, Ol mukdar bu dünỳä gelen-de bardyr. Ỳüz müň akmak bolup, gitse raỳyna, Ỳüz müň özün ỳola salan-da bardyr. Magtymguly, köňle gaỳgy getirme, Bu bir iş wagtydyr, özüň ỳitirme, Sözüm aňlan ỳok diỳp, ümsüm oturma, Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr! Magtymguly, şükür eỳlegil hudaỳa, Ölüm barabardyr şah-u -gedaga, Bisabyr gul tiz ỳolugar belaga, Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir