sözbaşy. göwnüme bolmasa, öz pikirlerimi aýtmaga synanyşanymda, maňa mahabatlylykdan sypmak başartmazmyka diýýärin. ýöne, näme-de bolsa häzirki eliňizde saklap duran kitabyňyz, siziň durmuşyňyzy owadan we ruhy taýdan baý edip, ony örän täsinlik bilen üýtgetmäge ukyplydyr. göwrimi uly bolmasada, bu kitap siziň üçin örän wajypdyr. onda, siziň durmuşyňyzyň gülläp ösme ideýasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini açýan açar ýatyr. bu hakykatdan-da şeýledir. garyplygyň we şoňa meňzeş beýleki çäklendirmeleriň material gymmatlyklaryň ýa-da mümkinçilikleriň ýoklugyny aňlatmaýandygyny siz örän tiz düşünersiňiz. hut şu düşünjeleri özüme ýörelge edinip, ady agzalýan ýagdaýy, dürli tarapyndan seretmäge hödürleýärin. siziň şu dünýä üstünlikli adam bolmaga geleniňize men ynanýaryn. siziň maddy hal-ýagdaýyňyzy gowulandyrmak pikirini durmuşa geçirmeklik, siziň aň-düşünjäňiziň çäginiň giňelmeginde, bularyň barsynyň size degişli diýen düşünjäni kabul etmegiň içinde ýatandygyna men ynanýaryn. bu zatlaryň barysyny men täze tendensiýalara ýykgyn edýänligim üçin we döwür bilen deň gadam basmakçy bolýanym üçin däl ýa-da biziň dünýämizi maňa özge planetalardan gelenler açanlygy üçin däl. men örän tygşytly we yzygiderli adam, bulardan başga-da özüniň iň oňat 15 ýylyny, esasy düzümi pajarlap ösme bolan dünýägaraýşyň umumy kanunlaryny öwrenmäge bagyş eden adam. eger-de şu kanunlary özüňize ýörelge edinýän bolsaňyz, onda siz durmuşyňyzda abadançylyk we doly üpjünçilik taparsyňyz. ýöne tersine, bu kanunlary bozýan bolsaňyz, onda siz berilen sapagy täzeden gaýtalamaly bolarsyňyz. men şu kitaby size, adam eneden dogulanda berilýän, maddy üpjünçiligiň hemmelere degişlidigi baradaky kanuny hukuguňyzdan peýdalanarsyňyz diýip ýazdym. indi -- gezek sizden... rendi geýj. golliwu, florida siziň pajarlap ösmegiňiziň 101 açary. 1. siziň üçin niýetlenen ýagşylyga, ol siziň öňüňizde peýda bolmanka ynanyň. 2. maliýe babatda, batan adamlar bilen maslahatlaşmaň. 3. öz islegiňiziň predmeti barada aýdyň düşünje döretmäge çalyşyň. 4. siziň maddy üpjünçiligiňiziň ösmegi, siziň şahsy ösüşüňiz bilen kybapdaş bolar. 5. özüňize arzuw edýän derejäňize ýeten halypa gözleniň. 6. özüňizde başlyk görýärsiňizmi, onda şoňa meňzeş ýaly halypa gözleniň. 7.özüňiziň maddy üpjünçiligiňiziň tohumuny öňünden sepip goýuň 8. siz elmydama bergidarmy, onda öňünden tölemäni endik ediň. 9. elmydama 5 % artygy bilen töläň. 10. gysylanyňyzda agyr güne düşdüm diýilen pikiriňizi aýyryň. 11. saglyk, söýgi, bagt we pul çäksizdir. 12. öz durmuşyňyzda, gymmatlyklaryň ýerini çalşyp durmagynyň deňaglamlydygy baradaky filosofiýany özüňize ýörelge ediniň. 13. aram-aram özüňize-de ýakymly iş ediň, bolmanda bir desse ýaňy ýolunan gül dessesi, ýöne diňe siziň üçin. 14. ýagşy işiňi görkezjek bolsaň, onuň üçin ýaramly giňişlik döretmeli. 15. tebigatyň kanunlaryna laýyk, ýumrugyň içinde näme-de bolsa bir zat bar bolsa, eliň aýasynda gowy zat saklap bolmaz. 16. göwnüňiz nämäni isleýän bolsa, şony sorap bolar, ýöne siz diňe özüňize gerek zady alarsyňyz, şony berk belläň. 17. özbaşdak adam bolmagyň iň netijeli usuly – beýleki adamlary maddy taýdan üpjün etmegiň mümkinçiligini tapmakdyr. 18. siziň pajarlap ösmek üçin edýän tagallaňyzyň iň netijeli serişdesi – bu siziň hut özüňiziň akylyňyzdyr. 19. gürläniňizde, siziň saýlaýan sözleriňiz, siziň nähili üstünlikli adamdygyňyzy görkezýär. 20. hakyky pajarlap ösme, şol niýete yhlas edýäne gelýändir. 21. puluň we beýleki maddy gymmatlyklaryň eýesi bolandan, akyl—paýhasyň eýesi bolanyň gowy, çünki ol zatlary diňe paýhasly adam edinip biler. 22. pähimiň näçe artsa, şonça-da maddy hal—ýagdaýyň gowulanýandygyny duýarsyň. 23. diňe öz—özüňiz bilen bolanyňyzda, siz hakykatdan hem özüňizi sagdyn duýarsyňyz. 24. sag—aman ýaşamak, adama tebigat tarapyndan eneden dogulanda berilendir we ol durmuşynyň özeni bolup durýandyr. 25. abadançylyk—howa ýaly bir zatdyr, biziň daş—töweregimiziň giňişligi onuň bilen doldurylandyr. ýeriň ýüzünde onuň ýok ýeri ýokdur. 26. adam, ýok ýerden abadançylygyň peýda bolmagyna öz güýji, öz ideýalarynyň güýji, arzuwy we hyýaly bilen kömek edýändir. 27. haçan-da siz, özüňiz üçin gerekliligiňizi açan badyňyza, pajarlap ösmegiň özi size tarap ýol tapar. 28. şowsuzlygyň pidasy bolup ýörmekden çynyňyz bilen ýüz dönderseňiz, size ýeňiji bolmagyň ýollary açylar. 29. eger-de adamlaryň size nebsiniň agyranyny isleseňiz, siz elmydama şoňa getirýän ýagdaýy döredersiňiz. 30. öz arzuwuňyza akyl ýetiren badyňyza, siz oňa älem-jahany boýun egdirersiňiz. 31. ar almak duýgusyndan el çekseňiz, siziň ýüregiňizi söýgi doldurar. 32. täsinlikler tötänden peýda bolýan däldir we elmydama bolup duran hadysadyr. 33. siziň girdeýjiňiz we maddy hal—ýagdaýyňyzyň gowulygy siziň bäş sany iň ýakyn dostuňyzyň girdeýjilerine deňäniňde elmydama orta göwrümli bolýandyr. 34. pajarlap ösmäniň ýoluny siziň özüňiz gurmaly bolarsyňyz, ony başgalardan öwrenip bolýan däldir. 35. bergidarlyk – bu zyndandyr, ondan aýakaldygyna gaçmalydyr. 36. eger—de siz başgalary bagyşlap bilmeýän bolsaňyz, size pajarlap ösmäni kabul etmek başartmaz. 37. eger—de siz özüňizi bagyşlap bilmeýän bolsaňyz, onda siz pajarlap ösmäniň ideýasyny kabul edip bilmersiňiz. 38. siziň şahsy adamkärçilikli aýratynlyklaryňyz has ýokary derejä galyp, has ähmiýetli wezipelere laýyk bolanda, siz ykbaldan indiki maksatlara kesgitlemeleri alarsyňyz. 39. kynçylyklar – bu siziň arzuw—hyýalyňyza ýetmek üçin edenli şahsa öwrülmegiňiz üçin wajyp serişdedir. 40. hakyky ynam, bu bütin dünýäde iň berk zatlardan hem kuwwatlydyr, berkdir, onuň bilen polat bolsun daş bolsun, hiç birisi deňeşip bilmez. diňe onuň özi älem—jahanyň baýlyk hazynasyndan siziň pajarlap ösmegiňizi alyp biler. 41. ýokarky güçlerden diňe kömek sorap bilersiňiz, galany siziň erjelligiňize baglydyr. 42. işleriňiz ugruksyn diýseňiz, häsýetleriňizi üýtgediň. 43. ynamlaryňyzy üýtgedeniňizde, öz häsiýetleriňizi üýtgedýärsiňiz. 44. haçan—da işleriňize tankydy göz bilen seredeniňizde, siz öz dünýägaraýyşyňyzy üýtgedýärsiňiz. 45. söz – abadançylyk maksadyňyza ýetmekde kuwwatly güçdir. 46. lukmançylyk gorkezmeler, operasiýalar we pişekler diňe wagtlaýyn bejergä ýaraýarlar. hakyky saglyk ruhuň we teniň öňki durkuny dikeldende, öz—özüňi täzeden sylap başlanyňdan soň gelýändir. 47. dünýäde eline bir gap reňkli galamlar we reňklemek üçin albom düşen üç ýaşly çaga ýaly şowly we baý üç ýaşly çaga ýaly bagtly adam tapmarsyňyz. 48. älem size ýagtylygy peşgeş berdi, ýöne ony görmek üçin siz öçürijiniň nurbatyny towlamaly bolarsyňyz. 49. eger—de özüňiz üçin şowly durmuşy isleýän bolsaňyz, onda siz älemiň ýokary ruhy kanunlaryna laýyk ýaşamaly bolarsyňyz. 50. adamlaryň ýeňsesinde olar barada erbet gürrüň etmek bilen, siz öz rowçlylygyňyzdan özüňizi daşlaşdyrarsyňyz. 51. öz—özüňi kämilleşdirmekligiňize her gün bir az wagtyňyzy sarp ediň. 52. sadaka sarp eden onlugyňyz, siziň ruhy goldawyňyzyň gözbaşyna dolanyp geler. 53. sadakany arassa girdeýjiden däl--de, umumy jemden tölenilişi ýaly, sizden gitmeli “ruhy” onlygy özüňizde bolan hemme gowy we erbet zatlaryň adynda töläň. 54. sizden berilmeli sadakany ýagşy niýet bilen, berýäniňize begenip we taňry ýalkasyny bilen beriň. 55. gudratly güýç öz berimini elmydama yzyna gaýtaryp alýar. şonuň üçin ony özygtýaryňa edeniň gowy, goý ony siziň wyždanyňyz çözsin. 56. öz isleýän zadyňyzy almak üçin, ozüňizde bolan zady bermäge taýyn boluň. 57. akyl sizi pikirlenmäge meýilli edýär, ýöne diňe ynam sizi hereket etmäge mejbur edýär. 58. siz öz arzuwuňyzyň hasyl bolmagy üçin göreşmäge taýyn bolmaly we ony amala aşyrmak üçin, bet niýet adamlardan goramak üçin tutanýerlilik görkezmeli bolarsyňyz. 59. öz arzuwuňyzy amala aşyrmak üçin, maýagoýumçy diňe siziň özüňiz bolup bilersiňiz. 60. öz—özüňizi kämilleşdirmek üçin, kofe ýa—da çaý içmäge sarp edýän wagtyňyzdan bir az köpüräk wagt sarp ediň. 61. kesekiniň aruwyny alanyňydan, özüňiziňkini dörediň. 62. hudaý ýa—da gudratly güýç kömege geler diýip, ähli puluňy sowma hökman däl. 63. hakyky üstünlige ýetjek bolsaň, size üstünlige bolan hyjuw berlen bolmaly. 64. özüňe bolan ynamy berkitmek üçin iň gowy usul – bu, öz işleriňi dogry planlaşdyrmany öwrenmekdir. 65. öz mümkinçilikleriň çäklendirilenligini ýeňip geçmek üçin, size diňe onuň bardygyny boýun almak galýar. 66. bar bolan meseleleriňizi, olary çözmäge kömek edip bilmejek adamlar bilen maslahatyny etmek hökman däl. 67. eger—de siziň arzuwlaryňyzda dogumlulyk, tekepbirlik we fantaziýa bolmasa, onda ol diňe siziň duşmanlaryňyzyň siziň garşyňyza ulanyp biljek serişdesi bolup biler. 68. eger—de siz özüňiz üçin hiç zat etmeýän bolsaňyz, onda näme üçin beýlekiler siz üçin bir zatlar etmeli? 69. siziň arzuwlaryňyz hem, edil siziň özüňiz ýaly uly we göwrümli bolmalydyr. 70. haçan—da siz uly sesiňiz bilen öz maksatlaryňyz barada aýdanyňyzda, siz hem size kömek etjek öz tarapdarlaryňyzy köpeldýärsiňiz, hem öz duşmanlaryňyzyň üstüni açýarsyňyz. 71. eger—de kalbyňyzy gaýduwsuzlykdan doldurjak bolsaňyz, gaýduwsuz adamlar bilen gatnaşyk saklaň. 72. kömege mätäç adamlara ak göwün bilen, taňryýalkasyna garaşman kömek ediň. 73. siz – ruhy gözbaşly we ýaşaýyşa ukyply, durmuş tejribesi bolan adamsyňyz, şondan artyk däldir. 74. adamlara balyk tutmany öwrediň. eger—de olar ýaň taýynlanan balyk tagamyny öz saçaklarynyň üstünde göresleri gelse, onda olara başga saçak görkeziň. 75. şu hepdäniň içinde kitap dükanynda bolan bäş sany adam tapyň—da, olary öz dostuňyz ediniň. 76. pajarlap ösýän adamlar ideg edilen awtoulaglara münmäni, arassa jaýlarda ýaşamany we gowy geýinmäni endik edinýärler. 77. kärendesine alynan awtoulagy arassa saklamak ýa—da myhmanhananyň nomerinde yzyňy ýygnaşdyrmak ýaly işleri ýerine ýetirmek, siziň ähimýetiňizi ýene bir gezek tassyklaýar. 78. garyplyk adamlary aldamaga, ýalan sözlemäge, ogrulyk etmäge, hatta adamyň janyna kast etmäge mejbur edýär. garyplykda hiç—hili dereje ýokdur. 79. eger—de öň awtoulag satyn alyp, indi bolsa bir jübüt aýakgap dan artyk söwda etmeýän bolsaňyz, onda siziň akylyňyzy pajarlap ösmek meselesine işlemäge mejbur etmäge wagt bolupdyr. 80. düzgün—tertip azatlygyň özenidir. 81. arzuwuňyzy durmuşa geçirmegiň senariýasyny ýazyň. onuň aýdyň obrazyny döretmek üçin ähli başarjaňlylygyňyzy görkeziň. 82. pul banknoty – bu ýöne hudaýyň beren haýyr işleri üçin tölegdir. 83. özüňiz üçin “arzuw/hyýal tramwaýyny” dörediň, goý ol size siziň günde bolýan ýeriňizde garaşsyn. 84. arzanladyşlara ýa—da arzan satyn alma ymtylmaň. gynanman harydyň hakyky bahasyny töläň. 85. siziň tomaşa edýän ýa—da okaýan şowhunlaryňyzy, neşir serişdelerini, filmleri, olardaky siziň aňyňyzyň gizlin programmalaşdyryş düzümlerini kesgitlemek üçin, pugta analizirläň. 86. pajarlap ösme, amatly mümkinçilikler, şowlylyk, rowaçlyk ýaly düşünjeler bilen, şonuň bilen bir meňzeş iş endikleriniň, bilimiň ýa—da ussatlygyň barlygy bilen hiç—hili umumylygy ýokdur. 87. baý adamlaryň kä birisi ýarawsyz, gaharly, hossarsyz. olary pajarlap osýän diýip atlandyryp bolmaz. emma jany sag, ruhy beýik, maşgala durmuşy bagtly, ýöne ol aýlykda bu aýlyga çenli zordan gününi görýän adamada pajarlap özýän diýip bolmaz. pajarlap ösme, durmuşyň ähli jähtini öz içine alýandyr. 88. her güniň dowamynda siz programmalaşdyrma prosesindesiňiz. sizde bu prosessi saklamaga ýagdaý ýok, ýöne onuň siz üçin ýaramlydygyny ýa—da oňaýsyzdygyny kesgitlemäge bolsa sizde mümkinçilik bar. 89. üstünlikli adamlar bir işiň başyna, onuň üstünlikli boljagyna ynanyp barýarlar. 90. öz töweregiňizi, sisiň planlaryňyzdan has göwrümli planlary bar adamlar bilen gurşaň. 91. üstünlik gazanmak, adamlary şowsuzlukdan has beter gorkuzýar. 92. maddy üpjünçilik – bu, maddy eşretleriň ýoklugy däl—de, siziň onuň ýoklugyna garaýşyňyz. 93. maddy üpjünçilik – bu, maddy gymmatlyklaryň bollugy däl—de, siziň oňa garaýşyňyz. 94. hem gul, hem zalym, nadanlygyň we mätäçligiň suratyny bile çekýändirler. 95. siziň akylyňyz, garyplykda we maksatsyz ýaşamadan bol—elinlige ýetmäge serişde bolup biler. 96. siz älem—jahanyň kanunçylygyna erk edip bilmez. 97. öz—özüňi söýmakligiň gowy häsiýetdigine akyl ýetirmek – maddy bol—elinlige we pajarlap ösmmäge bolan ilkinji ädimdir. 98. siziň garyplar, açlyk çekýänler we ezýetliler üçin iň uly edip biljek zadyňyz, olaryň birisi bolmazlyk. 99. haçan—da siz öz durmuşuňyzdan betniýet adamlary aýyranyňyzdan soň, siziň durmuşuňyzdan ters ýagdaýlar ýok bolar. 100. her gün öz arzuwuňyza tarap bolmanda bir ädim ätmäge çalyşyň. 101. siz öz arzuwuňyza şu günki gün ýaly, hiç wagt golaý bolan dälsiňiz. iň soňky pikirlenmeler... eger—de şu kitap size üstünlik getirse, pajarlap osmäniň älemi barada tanyşlygyňyzy dowam etdiriň. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir