Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty öz gözbaşyny uzaklardan alyp gaýdýar, bu sungaty beýgeltmekde we ony bütin dünýä ýaýratmakda ussatlarymyz öz döredijiligini bagyş edip birnäçe eserleri döretdiler. Bu eserler biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny saklapdyrlar we dünýäniň reňk hem öwüşgin baýlygyny, ýagtylygyny, ähli ahwalatlaryny janlandyrypdyrlar. Reňkleriň sazlaşygyny örän ussatlyk bilen berip bilýän Hojamuhammet Çüriýew türkmen nakgaşlygynyň ösmegine we baýlaşmagyna köp işleri bitiren suratkeşdir. Nakgaş öz işlerinde ilki bilen adamlaryň duýgylaryna aralaşýar. Ol diňe bir çylşyrymly reňkleriň sazlaşygyny doly we dogry ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem döredýän eserlerinde keşp täsirleriniň esasy serişdesini ýüze çykarýar. Hojamuhammet Çüriýew öz eserlerinde suratyň tebigy bolmagyna we reňkleriň dürli öwüşgini bilen biri-birine sazlaşygyny döretmäge çalyşýar. Maşgalada agasy Atajan Çüriýewiň bolmagy, Hojamuhammet Çüriýewiň suratkeşlige bolan ymtylmalarynyň güýçlenmegine getiripdir. Ol Şota Rustawelli adyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (1989-1994 ý.ý.) ussat halypa mugallym Annadurdy Almamedowyň ýolbaşçylygynda okan bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň (1994-2000 ý.ý.) «Nakgaşçylyk we taslama» kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy bölüminde Çary we Aman Amangeldiýewler ýaly türkmen milli nakgaşlyk mekdebiniň görnükli wekillerinden sapak alyp, özüniň tebigy zehinini kämilleşdiripdir. Akademiýada okan döwründe Medeniýeti öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ahatmyrat Nuwwaýew, Muhammet Babaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Baýram Nuryýew ýaly topardaşlar bilen Türkmenistanyň welaýatlaryndaky dürli gözel ýerlere gidip, köp sanly etýudlary çekipdirler. Bu hem suratkeşiň döredijiliginde peýzaž žanrynyň berk ornaşmagyna ýardam berdi. Nakgaşyň ýiti zehini epiki, liriki, romatik häsiýetli peýzažyň dürli görnüşlerinde (landşaft, marina, weduta) reňk öwüşginleriň dürlüligi we tebigata bolan inçe synçylygy bilen giňişligiň çuňlugyny görkezýär. Peýzažyň üsti bilen ol tebigatyň ýagdaýyny öz duýgylaryny geçirip başarýar. Yzygiderli açyk asmanyň astynda surat çekmeklik nakgaşa etýud işlerindäki ter reňklerini saklamaga ýardam berýär («Köneürgenç», 2004 ý.; «Penjire», 2008 ý.; «Nohur oba» 2007 ý.; «Ýolda», 2010 ý.; «Güzerde», 2011 ý.; «Çeşmäň boýnunda», 2015 ý.). Açyk howada surat çekmek tebigatyň hakyky hereketiniň çalasynlygyny, reňk öwüşginleriniň üýtgeýşini, ýagty-howaly gurşawy, adam bilen tebigaty baglanyşdyrýan täsirleri görkezmäge mümkinçilik berýär. 2000-nji ýylda türkmen peýzažlaryň ençemesini döredýän Annadurdy Almamedow, Kamil Weliahmedow, Ahatmyrat Nuwwaýew bilen bahar paslynda Kör çaýa gidip, plener nakgaşçylyga degişli 200-e golaý etýudleri edipdir. Türkmen tebigatynyň özboluşlylygyny duýmak suratkeşe onuň pursatlaýyn gözelligini bahalandyrmaga we öz usuly boýunça şekillendirmäge getiripdir. Suratkeş peýzaž eserlerinde ýaşaýyşyň dowamlylygyny, onuň arakesmesiz akymyny, hakykylygyny duýup, tebigatyň ilkinji täsir galdyryjy güýjüni, gaýtalanmajak haýran galdyryjy häsiýetini nygtap suratlandyrmagy başardy. «Ilkinji gar» (2007 ý.), «Güýz» (2008 ý.), «Säherde» (2011 ý.), «Ýagyşly gün» (2011 ý.), «Joşgun» (2013 ý.), «Köpetdagda bahar» (2013) atly işlerinde dürli pasyllaryň aýratynlygyny açmana başarypdyr. Suratkeşiň eserleri durmuşa bolan söýgi, owadan dünýä bolan beýik duýgular bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň ýolbaşçylygynda «Gökdepe kasamy» atly diplom işi, Gökdepe galasynyň goralyşy bilen bagly taryhy wakalary şöhlelendirip, türkmen edermen ýigidiniň halkyň dürli wekilleriň arasynda kasam edip durşyny suratlandyrýar. Gökdepe urşunyň pajygaly ýagdaýlary nakgaşyň «Gökdepe» toplumyna degişli «Ataň nalasy» (2014 ý.), «Ene toprak» (2015 ý.), «Ugradyş» (2014 ý.) ýaly eserleri bardyr. Şeýle hem ol Gökdepe muzeýiniň ekspozisiýasynda ýerleşdirilen panorama eseriniň döredilmegine gatnaşdy. Suratkeşiň türkmeniň beýik şahsyýetlerine bagyşlanan «Alp Arslan Diogeni azat edýär» (2002 ý.), «Soltan Sanjar Türkmen» (2011 ý.) ýaly eserleri hem bar. Sungaty öwreniji Azat Annaýewiň belleýşi ýaly: «Bu taryhy nakgaş eserlerinde suratkeş gadymyýetiň dramatik wakalary dabaraly-epik şöhlelenmesine ymtylýar». Suratkeşiň döredijiliginde «ýekelik» temasynyň ýüze çykmagyna onuň kakasynyň aýal dogany Abadan ejäniň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan adamsynyň yzyndan galan zenanyň başdan geçirýän duýgulara syn etmegi itergi berdi («Garaşmak», 2011 ý.). Türkmen halkynyň medeni mirasynyň, halk döredijiliginiň, gadymy ýadygärlikleriniň, gelin-gyzlarynyň şekilleri nakgaş eserleri («Kejebe», 2008 ý.; «Läleler», 2009 ý.; «Miras», 2008 ý.; «Çapar», 2008ý.; «Kyrk gyz», 2011ý.; «Üç gözel», 2011 ý.) taryhy-etnografik häsiýetli bolup, mazmuny we çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ruhy durmuşyň ýagdaýyny şöhlelendirýär. Nakgaşyň filosofik pikirleri «Ýatlama» (2008 ý.), «Aragatnaşyk» (2008 ý.), «Küýseg» (2010 ý.), «Ykbal ýollary» (2011 ý.), «Gaýdyp gelmek» (2011 ý.), «Arzuw» (2014 ý.), «Mukam» (2015 ý.) ýaly eserlerinde realizmiň we modernizim akymlaryň dürli görnüşleri peýdalanylýar. Nakgaşa portret žanrynyň aýratynlygyny seljermäge Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň, Durdy Baýramowyň ussahanalarynda bolan günleri uly täsir edipdir. Türkmen medeniýet işgärleriniň keşbi «Gurbannazar Ezizowy ýatlap» (2014 ý.), «Nury Halmämmedow» (2014 ý.) ýaly işlerinde diňe bir türkmen şahyryň we kompozitoryň ruhy dünýäsini, oý pikirlerini şöhlelendirmän, eýsem olaryň daş keşbini dogruçyllyk bilen suratlandyrypdyr. «Zähmet. Awtoportret» (2014 ý.) atly işi nakgaşyň bägül çemenlerinden ybarat bolan egne atylan ýüki gözellik manysynda berlen. Suratkeşiň diýmegine görä: «Suratkeşiň ýüki - owadanlykdyr». «Obada agşam» (2010 ý.), «Anna agşam» (2010 ý.), «Çopanyň arzuwy» (2014 ý.), «Säher bilen obada» (2015 ý.), «Oba äheňleri» (2016 ý.) ýaly işlerinde suratkeşiň türkmen obasynyň gündeki durmuşyny dogruçyllyk bilen beýan etmek meselesine yzygiderli ýüzlenýändigini görkezýär. Sary, gülgüne, ak, gyzyl, gök reňkleri bilen öwsüp duran gülleri nakgaş natýurmort žanrynyň üsti bilen tekizligindäki göwrümleriň çylşyrymly derňewini geçirip, reňk çözgüdini sazlaşykly çözmäge çalyşýar («Sähra gülleri», 2014 ý.). Hojamuhammet Çüriýewiň türkmen taryhyny we ýaşaýyş durmuşynyň aýratynlygyny görkezýän, ynsanda bar bolan ähli belent we ajaýyp sypatlary wasp edýän, türkmen tebigatynyň gözelligini suratlandyrýan eserleri ýüregiňi tolgundyrýar, kalbyňy beýgeldýär. G.Annaýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçillik akademiýasynyň talyby

Köneler, Nakgash tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir