Täze okuw ýylynyň ilkinji güni 1-nji sentýabrda güneşli Diýarymyzyň okuw mekdepleriniň ählisinde täze 2016–2017-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyran ilkinji jaň ýaňlandy. Asylly däbe görä her ýyl täze okuw ýylynyň başlanýan gününde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze mekdepler we mekdep ýaşyna çenli edaralar hem-de umumybilim berýän orta mekdepler açylýar. Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi bäşinji güýzüniň ilkinji gününde Lebap ilinde hem täze desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar uludan tutuldy. Dabaralarda edilen çykyşlarda ýurdumyzda çuňňur bilim özgertmelerini amala aşyrýan, türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni welaýatymyzda-da täze bilim ojaklarynyň üçüsi gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Şol gün Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginiň Pelwert obasynda 600 okuwça niýetlenilen, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýaly enjamlary bilen abzallaşdyrylan täze 30-njy orta mekdep okuwçylar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň Berkarar zaman obasynda gurlan 23-nji orta mekdepde-de ilkinji jaňlar kakylyp, çagalar okap, bilim alyp başladylar. Täze okuw ýylynyň başlanýan gününde Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Daşrabat geňeşliginiň Daşrabat obasynda hem-de Atamyrat etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynda hersi 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem ulanmaga tabşyrylmagy ildeşlerimiziň şatlyk-begenjini goşalandyrdy.