Ýurdymyzda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alynyp barylýan göwrümli işler dünýäde ýokary baha mynasyp bolýar, goldanylýar we milli bilim ulgamymyzy täze üstünliklere besleýär. Şu nukdaý nazardan, Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnama kabul edildi. Olar bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalary terbiýelemek, okatmak üçin olaryň maşgalalarynyň mekdepler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygyna, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy işgärleriniň düzümini hünär synagyndan geçirmäge we olar üçin hünäri kämilleşdirmek boýunça okuwlary guramaga, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çagalara umumy orta bilim almak üçin döwlet tarapyndan kepillendirilen deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň berilmegine, okuwçylaryň dünýä derejesine laýyk gelýän umumy kesp-kär medeniýetini kemala getirmäge degişli meseleler boýunça kämilleşdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniňň düzüminde Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitet hereket edýär. Bu komitet ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we ulgama ösen tejribeleri, usullary ornaşdyrmak baratda ýurdumyzyň degişli düzümleri bilen bilelikde uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň ajaýyp ymaratlary, olarda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ýokary ahlak düşünjä eýe bolmagy, dürli ugurlara degişli kämil derejeli hünärmenleriň ýetişmegi ýurdumyzyň we tutuş jemgyýetimiziň ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Orta we ýörite orta mekdeplerinde täze okuw dersleriniň girizilmegi, birnäçe okuw dersleriniň okadylyşynyň mazmunynyň giňeldilmegi bu ugurda oňyn derejeleriň gazanylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzda ähliumumy kompýuter üpjünçiligi, global internet ulgamynyň giňişliklerine çykmaga, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda dünýäde giňden ýaýran öňdebaryjy tejribeleri ulanmaga döredilen mümkinçilikler, ylym-bilim ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegi halkymyzyň intellektual baýlygyny iň ýokary derejede peýdalanmaklaryna mümkinçilik berdi. Ýurdumyzy beýik ösüşlere beslemek baradaky asylly maksatlaryň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyza, aýratyn hem ýaş neslimize okamaga, döretmäge we gurmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny çalt ňzleşdirmäge we durmuşa ornaşdyrmaga bolan egsimez ruhlandyryjy güýji emele getirdi. Çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ösmegi, ýaşlarymyzyň bilimli, ýokary hünärli, edepli hem tutanýerli adamlar bolmagy üçin durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňat netijesini hem berýär. Kuwwatly hem berkarar döwletimiziň keremli saýasynda kemala gelen nesil kämillige gol berýär, ýeňişli belentliklere ynamly gadam urýar. Biziň ýaşlarymyz abraýly halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, olimpiýa we paraolimpiýa oýunlaryna, ders we ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, arzyly ýeňişlere eýe bolýarlar, ata Watanymyza döşi medally gaýdyp gelýärler. Olaryň gazanan her bir ýeňşini dabaralandyryp, mukaddes ýaşyl Tugymyz al-asmana göterilende, milli Senamyz belentden ýaňlananda, türkmen halkynyň ykbaly ýenede bir gez göterilýär, şan-şöhraty artýar. Esasy bellemeli zat, ol hem biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada özüniň yzygiderligi we üznüksizligi bilen tapawutlanýar. Çaga enesinden bolmanka, eýýäm döwletiň aladasyny duýup ugraýar. Göwreli we çaga doguran enelere berilýän ýardamlar, olar hemme taraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alynýar. Çagalar 6 ýaşa çenli mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbilenýärler. 6 ýaşdan mekdebe baryp, öz bilimlerini kämilleşdirýärler. Bu ýerde öňki ýagdaýlardan tapawutlyk-çagalar ilkinji bilimi öň çagalar bagynda alan bolsalar, indi bu dereje orta mekdep derejesinde amala aşyrylýar. 12 ýyllyk bilime geçilenden bäri geçen döwrüň tejribesi alynyp barylýan işleriň dogrudygyny subut etdi-6 ýaşly çagalarymyz mekdepler bilen öwrenişip, onuň şatlyk-şowalaňyny artdyrdy, oňa bezeg berdi. Olaryň bilimiň ilkinji ädimlerini batyrgaýlyk bilen geçýändigini hemmeler gördi. Orta mekdebi 18 ýaşda tamamlaýan ýaşlar eýýäm özbaşdak durmuşa gadam basmaga taýýar şahsyýetler bolup ýetişýärler: işe ýerleşmek, ýokary mekdeplerde okuwlaryny dowam etdirmek, oglanlar üçin bolsa Watan öňündäki mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek üçin hemme gapylar açyk bolýar. Çagalarynyň mekdepden soň gös-göni durmuşa aýak basmaklary bolsa ata-eneleriň olar baradaky aladalaryny ýeňilleşdirýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, 12 ýyllyk orta bilim maksatnamasy öz maksadyna ýetýär, Türkmenistanyň bilim ulgamy dogry ýolda diýip nygtamaga esas berýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir