Aý asmanyñ tylla halkasy ýaly Dogdy bulut syryp gitdi desmalyn Ýyldyzdan donuña çapraz çaññany Dakyndyñmy gök köýnekli asmanym Men seni söýýärin giñligiñ ùçin Saña içim gowzudýaryn dökýärin Şu mahalam petde petde gar ýagýar Ýada senem maña içiñ dökýärin Saña bakyp beýhuş bolan mahalym Bezzat şemal saçlarymy çöşläpdir Asman tebygaty giden giñişlik Oña duýgularym ýesir dūşūpdir Owadan asmana seýran etmäni Duýýañmy ýùregmiñ kùýseýänimi Ummanyña keşt eýleýp gaýdaýyn Salla dùrden ýasan merdiwanyñy Şahyr Şähribossan Garajaýewa

Köneler, karkara tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir