Kàte ýalñyzlykda otursam òzim kàte gaharlanyp çytylsa ýùzim kàte ukym gelip ýumulsa gòzim teşne ýùrek jemalyña suwsaýar gara gòzlim gòwnim seni kùýseýàr Gòreçlerde gujur bilen batlansam ùýşhmeleñde alkyşh bilen ýatlansam arzuwlarym gòge galyp şatlansam ýada hasrat ýùrek bagrym gyýsa ýar gara gòzlim gòwnim seni kùýseýàr Bahar geler gùller bilen şaýlanyp seýran etsek baýyrlary aýlanyp akja bulut "ÝAGSAMMY" diýip oýlanyp çabga gelip suw sil edip guýsa ýar gara gòzlim gòwnim seni kùýseýàr Meýdana ýazylypdr bahar halysy gel bile keşt etseñ ýakyn alysy maña at goýdular "YŞKYÑ DÀLISI" men nàdeýin ýùrek şeýle sòýse ýar gara gòzlim gòwnim seni kùýseýàr!!!

Köneler, sinyorita tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir